BAE dünýäde ilkinji bolup kanunlary ýazmakda emeli aň ulanar

  • 23.04.2025 13:10
  • 4.2k+

Birleşen Arap Emirlikleri täze kanunlary ýazmakda, olara seretmekde we üýtgeşmeleri girizmekde emeli aňy ulanjak ilkinji ýurt bolar. Bu barada Financial Times gazeti habar berýär.

Neşir BAE-niň milliardlarça dollar maýa goýan bu başlangyjyny “tehnologiýany peýdalanmak üçin düýpli synanyşyk” diýip atlandyrýar.
Ýurduň premýer-ministri Muhammed ben Raşid Al Maktum emeli aňyň esasynda işleýän täze kanun çykaryjy ulgamyň kanun döretmek prosesini has çalt we takyk etjekdigini belleýär.
Hökümet EA-nyň kanun işini 70% çaltlaşdyrmagyna garaşýar. Ulgam yzygiderli täzelenmeleri hödürläp, kanunlaryň ilata we ykdysadyýete ýetirýän täsirine gözegçilik eder. Munuň üçin federal we ýerli kanunlaryň, kazyýet çözgütleriniň we döwlet hyzmatlarynyň uly maglumatlar bazasyny döretmek meýilleşdirilýär.
Kopengagen işewürlik mekdebiniň professory Roni Medalýa bu taslamany “örän batyrgaý” diýip atlandyrdy we BAE-niň emeli aňy kanun döretmekde işjeň gatnaşyja öwürmegi maksat edýändigini belledi.
Şeýle-de bolsa, bilermenler bolup biljek töwekgelçilikler barada duýdurýar. Olaryň arasynda adaty ulanyjylaryň EA-nyň işine düşünmezligi, şeýle-de EA-nyň ýalňyş düşünip, kanunlary nädogry düşündirmegi bar. Oksford uniwersitetiniň ylmy gözlegçisi Winsent Ştraub EA modelleriniň ygtybarlylygy we durnuklylygy bilen bagly meseleleriň dowam edýändigini aýdýar.
Ol BAE-niň EA-ny kömekçi gural hökmünde ulanmakdan onuň kömegi bilen geljekki kanuny üýtgeşmeleri çaklamak synanyşygyna geçýändigini belledi.


29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

26.02.2026 09:36
2.2k+

Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy

ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy...

17.02.2026 19:35
2.9k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...