Smartfonlaryň gutusynda batareýasynyň ömri barada maglumat peýda bolar

  • 23.04.2025 00:38
  • 4.7k+

2025-nji ýylyň 20-nji iýunyndan Ýewropa Bileleşiginde smartfonlar we planşetler üçin täze bellik talaplary hereket edip başlar. Olaryň gutularynda akkumulýatoryň hyzmat ediş möhleti we öndürijiligi barada ýörite ýelmentgi ýerleşdiriler diýip, GSMArena habar berýär.

Bu düzgün ekran diagonaly 7-den 17,4 dýuýma çenli bolan simsiz telefonlara, smartfonlara we planşetlere täsir edýär. Bölekleýin ýa-da doly açylýan çeýe displeýli gurluşlara, şeýle-de 20-nji iýuna çenli satuwa çykan enjamlara täze düzgünler degişli bolmaz.
Talaplara laýyklykda, şeýle gurluşlaryň akkumulýatorlary 800 doly zarýad beriş-zarýadsyzlandyryş aýlawyna çydamly bolmaly we hatda şondan soň hem başlangyç sygymynyň azyndan 80%-ini saklamaly. Degişli maglumat EPREL ýelmentgisinde görkeziler.
ÝB-niň hem Ýewropa ykdysady zolagynyň bazarlarynda işleýän öndürijiler, import edijiler we ygtyýarly wekiller harytlary Ýewropa komissiýasy tarapyndan dolandyrylýan EPREL platformasy arkaly hasaba almaly. Şeýle-de, olar berilýän maglumatlaryň takyklygy üçin jogapkärdir.
Bu çäre ÝB-niň 2030-njy ýyla çenli energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak strategiýasynyň bir bölegidir. Onuň CO2 zyňyndylaryny 46 mln tonna azaltmaga we öý hojalyklaryna elektrik energiýasynda ortaça 150 ýewro tygşytlamaga mümkinçilik bermegine garaşylýar.
Bilermenleriň pikiriçe, bu düzgün diňe ÝB ýurtlaryna degişli bolsa-da, ol beýleki ýurtlaryň bazarlaryna-da täsir edip biler. 


02.06.2026 11:16
2.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

28.05.2026 21:19
4.1k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

28.05.2026 11:57
3.8k+

Tomus maýda başlady: Ýewropany anomal yssy gurşap aldy

Günbatar Ýewropa ýurtlary entek tomus başlanmanka anomal yssy howa bilen ýüzbe-ýüz boldular....

27.05.2026 18:08
3.6k+

Çehiýa Respublikasynyň ýaşaýjysy Eurojackpot lotereýasyndan 120 million ýewro utdy

Eurojackpot lotereýasyny oýnan çehiýaly oýunçy zerur bolan sanlaryň tutuş kombinasiýasyny dogry bilip, 120 million ýewrolyk baş baýragy utdy. Bu barada utuşly oýny utgaşdyryjy, Mýunsterde ýerleşýän Westlotto......