Serdar Berdimuhamedow Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosyna gynanç bildirdi

  • 22.04.2025 10:01
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Onuň Ruhany Hezretleri, Keramatly Rim ybadathanasynyň Kamerlengosy Kardinal Kewin Jozef Farrelle Onuň Ruhany Hezretleri Papa Fransiskiň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Papa Fransiskiň dinleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda, dünýäde parahatçylygy, asudalygy we agzybirligi pugtalandyrmakdaky uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda ebedi galar” diýlip, döwlet Baştutanynyň hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda katolik jemgyýetine ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi.


düýn 00:03
3.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......