Aşgabatda Wi-Fi-ly, zarýad berijili we sowadyjyly täze Yutong awtobus synag edilýär

  • 21.04.2025 12:38
  • 22k+

Aşgabadyň şaýollarynda synag etmek maksady bilen ýurdumyza getirilen, uzynlygy 12 metr bolan «Yutong» kysymly sowadyjyly ýolagçy awtobusy hereket edýär. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu awtobus üç gapyly bolup, onuň hereketlendirijisi ekologik häsiýetli «Euro 5» ölçeglerine laýyk gelýär. Onda ulag hyzmaty üçin töleg geçirilişi sanly ulgam arkaly amala aşyrylýar. Awtobusda ulaga münýän we ondan düşýän ýolagçylaryň hasabyny ýöredýän abzallar gurnalan. Şeýle hem onda ýolagçylar üçin sowadyjy enjam hem bar. Awtobusda GPS ulgamynyň we gurnalan wideokameralaryň 10-synyň kömegi bilen, wideogözegçilik arkaly ulagyň hereketine we sürüjiniň işine gözegçilik etmek üçin ornaşdyrylan häzirki zaman intellektual ulgamy bar.
Synag edilýän täze awtobusda ses we şekil ulgamyna degişli enjamlar, Wi-fi router, el telefonlaryna elektrik zarýad berijiler, mümkinçiligi çäkli ýolagçylar üçin enjam hem-de ýolugrunda haýsy duralgalara gelnendigini habar berýän enjam hem bar.
Aşgabada ýakynda getirilen bu täze, döwrebap awtobus synag işlerinden üstünlikli geçensoň, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň hyzmatyna berler.
Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligine 700 sany «Yutong ZK6128HG» kysymly awtobusy satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Yutong Bus Сo.,Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


düýn 22:11
794

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
4k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......