Tailandda ilkinji “robokop” asudalygy goramaga çykdy

  • 21.04.2025 12:15
  • 9.2k+

Tailandda emeli aňly ilkinji polisiýa-robot hödürlendi. Ol Songkran baýramynyň bellenilen wagtynda synagdan geçirildi diýip, Interesting Engineering portaly habar berýär.

Robot Pol Col Nakhonpathom Plod Phai adyny aldy, bu bolsa “Nakhonpathom howpsuz ýagdaýda” diýmegi aňladýar. Robot Muang sebitinde geçirilen Tonson-Roud festiwalynda synagdan geçirildi.
AI Police Cyborg 1.0 360 gradus syn ediş kamerasy bilen enjamlaşdyrylyp, ýerli wideo gözegçiligi ulgamyna birikdirildi. Ol dronlardan maglumatlary alýar, köçelerdäki ýagdaýy seljerýär we maglumaty dolandyryş merkezine iberýär.
Onuň esasy funksiýasy – ýüzi tanamak. Robot adamyň gözlenilýändigini ýa-da töwekgelçilik toparyna degişlidigini kesgitleýär. Ol boýy, jynsy, bedeniň gurluşyny, egin-eşigi we özüni alyp barşyny seljerýär. Eger dawa ýa-da güýç ulanmak synanyşygy başlasa, robot muny hem bellige alýar.
Şeýle-de, ol pyçak, taýak ýaly howply predmetleri hem tapawutlandyrýar, şol bir wagtyň özünde oňa Songkran wagty köpler tarapyndan ulanylýan oýunjak suw sapançalaryna üns bermezlik öwredildi.
Polisiýa işgäriniň aýtmagyna görä, robot gije-gündiz köçelerde patrullyk edip, howplara çalt jogap berip bilýär.
Şeýle tehnologiýalar eýýäm Hytaýda ulanylýar, bu ýerde robotlar patrullara kömek edip, hatda suwda hereket edýär. 


21.06.2024 11:12
4.9k+

Tailandda hakyky deriniň ornuny tutjak material döredildi: ol ananasdan

Tailandyň Mahidol uniwersitetiniň alymlary ananas ýapraklarynyň süýümlerinden tebigy derä täze ekologiýa taýdan arassa alternatiwany işläp taýýarladylar. “Ananas derisi” diýlip atlandyrylan material adaty deri...

şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......