Piastri Saud Arabystanynyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Lekler “Ferrarä” ilkinji baýrakly orny getirdi

  • 21.04.2025 10:11
  • 2.4k+

Saud Arabystanynda 2025-nji ýyl möwsüminiň “Formula-1” çempionatynyň bäşinji tapgyry geçirildi. Ýaryşda birinji orny 50 aýlawy 1 sagat 21 minut 6.758 sekuntda geçen “Maklarenden” Oskar Piastri eýeledi. Bu onuň möwsümde üçünji ýeňşidir.

Ikinji orny “Red Bulldan” Maks Werstappen eýeledi (+2,843). Ol ýoldan daşary ozuşy üçin bäş sekuntlyk jerime aldy. Şeýle-de, ol janköýerler tarapyndan günüň ýaryşa gatnaşyjysy diýlip saýlandy.
Üçünji bolup pellehana Şarl Lekler geldi (+8,104). Bu hem şu möwsümde “Ferrari” üçin ilkinji baýrakly orun boldy.
Lando Norris iň gowy aýlawy görkezdi (1.31,778). Ol onunjy orundan bat alsa-da, pellehana dördünji bolup geldi.
Piastri 99 utuk bilen çempionatda birinji orna çykdy. Norris 89 utuk bilen ikinji, Werstappen 87 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.
Konstruktorlaryň kubogynda “Maklaren” öňde barýar (188 utuk), onuň yzyndan “Mersedes” (111 utuk), “Red Bull” (89 utuk) we “Ferrari” (78 utuk) gelýär.
Çempionatyň indiki tapgyry 2 – 4-nji maýda Maýamide geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 12:42
10k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....