Tesla satuwynyň pesdigi sebäpli, Cybertruck-yň önümçiligini azaldýar

  • 20.04.2025 23:22
  • 6.6k+

Tesla kompaniýasy Tehas ştatynyň (ABŞ) Ostin şäherindäki zawodynda «Cybertruck» elektropikabynyň önümçiligini azaltmaga karar berdi. Kompaniýanyň bu ädimi ätmeginiň sebäbi, Demirgazyk Amerikada islegiň örän pes bolmagy we halkara derejesindäki düzgünleşdiriji çäklendirmeler bilen baglanyşykly.

Kompaniýanyň önümçilik prosesleri bilen tanyş çeşmeleriň «Business Insider» neşirine beren maglumatyna görä, önümçilikdäki çäklendirme geçen ýylyň dekabr aýynda başlapdyr.
«Cybertruck-y» ýygnamak üçin gurlan käbir hatarlar häzirki wagtda iň pes kuwwatynda işleýär. Pikaby öndürýän işgärleriň käbirleri «Model Y» krossowerini ýygnamak üçin, şol zawodyň beýleki bölümlerine geçirilipdir. Käbir ýagdaýlarda «Cybertruck-yň» önümçilik hatarynda işleýän işgärleriň sany iki esse azaldylypdyr. Ostindäki zawodda işgärleriň awtoulag duralgalaryndaky boş ýerleriň artmagy hem işgärleriň başga ýerlere geçirilendigini görkezýär.
«Cox Automotive» analitikleriniň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Tesla bary-ýogy 6406 sany «Cybertruck» satypdyr, bu bolsa öňki çärýek bilen deňeşdirilende iki esse azdyr. Ilon Mask pikabyň önümçiligine başlamazyndan öň, 1 milliondan gowrak sargyt alandygyny aýdypdy, ýöne 2025-nji ýylyň 20-nji martynda başlan yzyna çagyryş kampaniýasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagta çenli diňe 50 müňden hem az «Cybertruck» öndürilipdir.
Tesla aprel aýynda «Cybertruck-yň» yzki tekerlerden herekete getirilýän wersiýasyny 70 müň dollardan hödürledi. Önümçilik peseldilse-de, Ilon Mask geljekki iki ýylda ABŞ-da elektromobilleriň önümçiligini iki esse artdyrmagy wada berýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa fewral aýyndan bäri işgär sanyny hem azaldyp başlady, emma bu azaltmalar häzirlikçe giň gerimli däl.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......