Antarktik äpet kalmar ilkinji gezek wideo düşürildi

  • 19.04.2025 17:33
  • 6k+

Amerikaly alymlar ilkinji gezek antarktik äpet kalmary (Mesonychoteuthis hamiltoni) wideo düşürmegi başardylar. Bu deňsiz-taýsyz kadrlar Atlantik ummanyndaky Günorta Sandwiç adalarynyň töwereginde, 687 metr çuňlukda düşürildi diýip, «BBC» habar berýär.

Bu şeýle görnüşli kalmaryň tebigy gurşawyndaky ilkinji wideo ýazgysy bolup durýar.
Esseks uniwersitetiniň professory Mişel Teýloryň ýolbaşçylygyndaky Şmidt Okeanografiýa institutynyň (ABŞ) alymlary mart aýynda 35 gün dowam eden ekspedisiýada bu wideony ýazga geçirdiler. Wideo ýazgy üçin olar uzakdan dolandyrylýan ýörite suwa çümýän enjamy ulandylar.
Antarktik äpet kalmar ilkinji gezek XX asyryň başlarynda ylma mälim boldy. Onuň agramy 500 kilograma, uzynlygy bolsa 7 metre çenli ýetip bilýär. Şeýle-de gözleriniň diametri hem, käte, 27 santimetre çenli ýetýär.
Bu açyş ylym üçin örän möhüm boldy, sebäbi özal şeýle görnüşdäki kalmarlar, esasan, kitleriň ýa-da deňiz guşlarynyň aşgazanyndan tapylan galyndylar arkaly öwrenilýärdi. Bu jandaryň ýaşaýyş tapgyrlary barada heniz kän zat belli däl. Ýaş kalmarlar aç-açan (reňksiz) bolýar, ýöne wagt geçdigiçe bu aýratynlyklaryny ýitirýärler. Balykçylar öňler agyr ýaralanyp ölýän uly kalmarlary surata düşüripdiler, ýöne olaryň diri mahaly, beýle çuňlukda görülmegi mundan öň mümkin bolmandy.
Kalmaryň wideo düşürilmegi hem geň galdyryjy bir senä gabat geldi – bu görnüş ilkinji gezek 1925-nji ýylda, ýagny mundan 100 ýyl ozal britaniýaly zoolog Gaý Kobern Robson (1888-1945) tarapyndan beýan edilipdi. Ol bu kalmary Günorta Şetland adalarynyň günortasynda awlanan kaşalotyň aşgazanyndan tapylan iki sany murtuň (kalmaryň tutujy ösüntgi synasynyň) esasynda ylma tanadypdy. Şondan soň bu görnüş barada 40 ýyldan gowrak wagtlap hiç hili täze maglumat ýüze çykmady. Ilkinji gezek 1970-nji ýylda şeýle görnüşli dört sany liçinka Antarktikanyň Atlantik böleginde tapyldy. Ilkinji uly kalmar bolsa, diňe 1979-njy ýylda, mantiýasynyň uzynlygy 117 sm bolan urkaçysynyň ýörite tor bilen tutulmagy bilen resmi taýdan hasaba alyndy.
Şeýle hem alymlar ýanwar aýynda ilkinji gezek buzly aýna kalmary (Galiteuthis glacialis) diýlip atlandyrylýan görnüşi hem wideo ýazga almagy başarandyklaryny habar berdiler.

«Birbada iki dürli kalmary yzly-yzyna geçirilen iki ekspedisiýada ilkinji gezek görmek – bu ajaýyp, şeýle-de bize günorta ummanynyň täsin ýaşaýjylary barada näderejede az zat görendigimizi görkezýär. Şeýle ýatdan çykmajak pursatlar bize ummanyň entegem açylmadyk syrlar bilen doludygyny yzygiderli ýatladýar» — diýip, Şmidt Okeanografiýa institutynyň ýerine ýetiriji direktory doktor Jotika Wirmani aýtdy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....