ÝUNESKO Demirgazyk Koreýadaky Pektu dagyna global geopark statusyny berdi

  • 18.04.2025 16:29
  • 2.8k+

KHDR-iň Pektu dagy ÝUNESKO-nyň global geopark statusyny aldy. Bu ýurtda şeýle ykrar edilmäge mynasyp bolan ilkinji obýekt boldy diýip, CNN habar berýär.

Pektu (şeýle-de, Pektusan, Baýtouşan ýa-da Çanbaýşan hökmünde belli) Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň serhetinde ýerleşýän gatlakly wulkandyr. Bu Koreý ýarym adasynda iň beýik nokat hasaplanýar. ÝUNESKO bu ýeriň tebigy özboluşlylygyny we medeni ähmiýetini belledi.
Dag Demirgazyk we Günorta Koreýanyň ýaşaýjylarynyň arasynda mukaddes hasaplanýar. Ol iki ýurduň hem milli senalarynyň tekstinde agzalýar. Pektu bilen baglanyşykly birnäçe ýerli rowaýatlar hem bar. Olaryň birine görä, bu daga asmandan ilkinji koreý döwleti Koçosony esaslandyryjy Tangun Wangomyň kakasy Hwanun düşüpdir.
Wulkan ençeme gezek işjeňlik görkezdi – uly atylmalar 1597-nji ýylda (onuň netijesinde asmana zyňlan küller Hokkaýdo adasynyň günorta böleginde tapyldy), şeýle-de 1668-nji we 1702-nji ýyllarda bolup geçdi. Soňky gezek wulkan 1903-nji ýylda atyldy (asmana daşlar we gazlar zyňyldy).


16.12.2024 22:41
7.8k+

ÝUNESKO Awstriýadaky demirýol menzilini dünýäniň iň owadan wokzaly diýip ykrar etdi

Awstriýanyň Zalskammergut sebitinde ýerleşýän Sankt-Wolfgang şäherçesiniň demirýol stansiýasy dünýäniň iň owadan wokzaly hökmünde ÝUNESKO-nyň Wersal baýragyny aldy. Bu barada Awstriýanyň Der Standard gazeti habar...

02.12.2024 23:45
6.5k+

Wenadaky büzmeçe kiosklary ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi

Wenanyň büzmeçe kiosklary indi ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň bir bölegi boldy. “ÝUNESKO-nyň statusynyň berilmegi biziň şäherimiziň däplerine, myhmansöýerligine we köpdürlüligine hormat goýýar” – diýip...

20.04.2024 09:04
6.4k+

ÝUNESKO Barselonany 2026-njy ýylda dünýä binagärlik paýtagty hökmünde saýlady

ÝUNESKO Halkara binagärler birleşigi bilen bilelikde Barselonany 2026-njy ýylda dünýä binagärlik paýtagty hökmünde saýlady. Bu titul şäheriň binagärlik, şäher meýilnamalaşdyrylyş we durnukly ösüş gymmatlyklaryny...

şu gün 11:06
4.2k+

Mekgede robot-ýolbelet peýda boldy: ol zyýaratçylara kömek edýär we 11 dilde gürleýär

Hajyň öňüsyrasynda Mekgedäki Al-Haram metjidinde Manara atly gumanoid robot peýda boldy. Ol zyýaratçylary ugrukdyrmaga kömek edip, arap, iňlis, urdu, bengal we malaýýa ýaly 11 dilde soraglara jogap berýär. 2025-nji ýylda haj möwsümi 4 – 9-njy iýunda geçirilýär...