Ferrari 9-njy oktýabrda özüniň ilkinji elektrik awtoulagyny görkezer

  • 18.04.2025 15:12
  • 2.2k+

Ferrari kompaniýasy 9-njy oktýabrda özüniň ilkinji düýbünden täze elektrik awtoulagyny hödürlär. Bu barada markanyň direktorlar geňeşiniň başlygy Jon Elkann habar berdi diýip, Reuters onuň sözlerini getirýär.

Elkann modeli Ferrari Elettrica diýip atlandyrdy, ýöne munuň gutarnykly ady boljakmy ýa-da ýok, ony takyk aýtmady. Markanyň bu çärä ençeme ýyllap taýynlyk görendigini aýtdy.
Onuň ilkinji görkezilişi elektrik awtoulagyň işlenip düzülýän we ýygnaljak ýeri bolan Maranelloda geçiriljek açyk gapylar gününiň çäginde bolar. Ony döretmekde Formula 1-de we beýleki ýaryşlarda kämilleşdirilen tehnologiýalar ulanyldy. Täze önümiň tehniki häsiýetnamalary entek aýan edilmedi.
Ferrari 2019-njy ýylda gibrid awtoulaglary öndürip başlady. 2024-nji ýylda olar eýýäm markanyň satuwynyň 51% -ini eýeledi. Kompaniýanyň top-menejeriniň sözlerine görä, Ferrari mundan beýläk-de benzin, gibrid we elektrik güýç gurluşly ulaglary ösdürmegi dowam etdirer.
2024-nji ýylyň tomsunda elektrik awtoulagynyň prototipiniň gizlin düşürilen  suratlary peýda boldy. Suratda pes krossower ýa-da uly hetçbek görünýär, ýöne beýle kuzow diňe wagtlaýyn çözgütdir. Modeliň başlangyç bahasy azyndan 500 müň ýewro bolar diýlip garaşylýar.


24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......