Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýaşlaryny dünýäde dowam edýän giň möçberli işlere işjeň gatnaşmaga çagyrdy

  • 18.04.2025 13:03
  • 5.6k+

16-njy aprelde BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) Ýaşlar forumynyň çäginde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň” ikinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýaşlaryň wekilleri, ýerine ýetiriji häkimiýetleriň ýaşlar meseleleri boýunça ygtyýarlandyrylan edaralarynyň wekilleri we ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň açylyşynda gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Gahrymany, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa çykyş etdi. Öz çykyşynda Aksoltan Ataýewa ýaşlar diplomatiýasynyň sebitiň we onuň daşyndaky parahatçylygy, özara düşünişmegi hem-de ynamy pugtalandyrýan güýçli guraldygyny nygtap, Türkmenistanyň ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça BMG-niň möhüm kararlaryny öňe sürmekdäki ornuny aýratyn belläp geçdi.
Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylara ilkinji gezek 2023-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen teklip edilen Merkezi Aziýa ýaşlar dialogynyň dörän taryhy we ösüşi hakynda wideoşekilli film görkezildi. Filmde Türkmenistanyň ýaşlar syýasatyndaky üstünlikleri, ýaşlar başlangyçlaryny goldamak üçin döredilen milli meýdançalar, nesilara dialogyň ösdürilmegi we parahatçylyk medeniýetini hem-de ynamy berkitmäge gönükdirilen halkara kararlaryň durmuşa geçirilmegi görkezildi.
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýurduň ýaşlarynyň ösüşiniň wajyp modeli bilen tanyşdyrdy.
Merkezi Aziýada ilatyň ýarysynyň 30 ýaşdan kiçi bolmagy bilen baglylykda, demografik mümkinçiliklere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň güýç-kuwwatyny we bilimini strategik maksatlara, şol sanda sanly ykdysadyýetiň we innowasion pudaklaryň ösüşine gönükdirýän baglanyşykly gurluşyň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.
Özbegistanyňyň Daşkent şäheriniň ýaşlar syýasaty we jemgyýetçilik ösüşi hem-de ruhy-terbiýeçilik işleri boýunça häkiminiň orunbasary Durdona Rahimowa ýaşlar arasyndaky hyzmatdaşlygyň institusional esasda berkarar edilmeginiň möhümdigini belläp, bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin durnukly mehanizmleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ýaşlar edaralarynyň wekilleri hödürlenen başlangyçlary goldap, ýaşlar syýasatyny ösdürmekde döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdiler.
BMG-niň Baş sekretarynyň ýaşlar meseleleri boýunça kömekçisi doktor Felipe Paulýer ýaşlaryň karar kabul etmek proseslerine gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi hem-de Merkezi Aziýa dialogynyň “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” gün tertibini ilerletmekdäki ornuny nygtady. BMG-nyň syýasy meseleler boýunça Baş sekretarynyň kömekçisi Miroslaw Ýança bu başlangyjyň sebitleýin ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrýandygyny aýtdy.
Fransiýanyň, Filippinleriň, Liberiýanyň, Iordaniýanyň hem-de beýleki ýurtlaryň wekilleri ýaşlar syýasaty ulgamynda tejribe alyşmagyň ähmiýetini belläp, Merkezi Aziýa sebiti bilen hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan etdiler. Russiýa Federasiýasynyň wekili bu başlangyjyň sebitleýin durnuklylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtap, Dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge goldaw bildirdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileriniň wideoýüzlenmesi görkezildi. Olar DÖM-leri ilerletmäge we degişli maksatnamalary durmuşa geçirmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdiler.
Ýaşlar wekilleriniň hödürlän teklipleriniň we başlangyçlarynyň esasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygynyň gatnaşyjylary ýörite Çagyryş kabul etdiler, şeýle hem dialogyň nobatlaşyp geçirilmegi boýunça Düzgünnamany tassykladylar. Nobatdaky duşuşyk Gazagystan Respublikasynda geçiriler.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......