Audi markanyň taryhynda iň gowy aerodinamika bilen A6 sedanyny hödürledi

  • 18.04.2025 00:55
  • 5k+

Audi A6 sedanynyň täze neslini hödürledi. Model marka üçin rekord aerodinamika, ýeňil gibride we kämil ses ýatyryş ulgamyna eýe boldy. Ulag mart aýynda hödürlenen uniwersal A6 Avant wersiýasynyň üstüni ýetirer.

Täze A6 sedany Premium Platform Combustion platformasyna esaslanýar we köp babatda uniwersal bilen meňzeşdir. Sedan aerodinamiki garşylygyň 0,23 koeffisienti bilen tapawutlanýar – bu markanyň içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglarynyň arasynda iň gowy görkezijidir. Şeýle netijäni optimizirlenen aerodinamikanyň, kämilleşdirilen howa ýygnaýjylarynyň, bamperiň hem bagaž ýeriniň gapagynyň täze şekilleriniň we yzky diffuzoryň hasabyna gazanmak başartdy.
Awtomobil 2.0 dizel (204 at güýji) we 3.0 benzin (367 at güýji) hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyryldy. Olaryň ikisi-de MHEV plus ýeňil gibrid ulgamyna eýe boldy. Ol ulaga pes tizlikde elektrikde hereket etmäge kömek edýär, tizlik artdyrylanda goşmaça kuwwat berýär, tormoz berlen ýagdaýynda 25 kWt çenli energiýany batareýa gaýtaryp berýär.  
Esasy wersiýa 2.0 TFSI (204 at güýji) benzin hereketlendirijisi we öňdäki ýörediji bilen hödürlenýär. Galan wersiýalaryň ählisi quattro doly herekete getiriji bilen üpjün edildi. Salon 30% ümsüm boldy.
Awtoulagyň önümçiligi Nekkarzulmda ýola goýlar. Onuň bahasy 55 500 ýewrodan başlaýar. Ilkinji üpjünçiligiň 2025-nji ýylyň tomsunda bolmagyna garaşylýar. 


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...