Wýetnam ykdysady ösüş sebäpli çäge ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldy

  • 18.04.2025 00:59
  • 12k+

Wýetnamda çalt ykdysady ösüş we ulag infrastrukturasynyň ösmegi sebäpli çäge ýetmezçiligi ýüze çykdy. Ýurt Kambojadan importy artdyrdy, ýöne çäge gazyp almak bilen bagly güýçlendirilen düzgünler täze meseleleri döredýär diýip, Bloomberg habar berýär.

Donald Trampyň birinji prezidentlik möhleti wagtynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky ýitileşen söwda gapma-garşylygy Hytaýdan zawodlaryň Wýetnama geçirilmegine sebäp boldy. Bu hem ýurtda ykdysady ösüşe getirdi: 2024-nji ýylda ýurduň JIÖ-si 7% artdy.
Önümçiligiň ösmegi ulag ulgamy bilen bagly meseleleri döretdi. Olary çözmek üçin häkimiýetler ýollary gurmak we giňeltmek boýunça giň gerimli taslamalara başlady, bu bolsa Kambojadan çäge talap edýärdi.
Häzir bolsa Wýetnam çäge ýetmezçiligini başdan geçirýär. Çünki, ýurduň derýalaryndan çägäniň alynmagy kenarlaryň çökmegine we ýerli ýaşaýjylaryň nägileligine getirenden soň, hökümet bu pudaga gözegçiligi güýçlendirdi.

“Awtoulag ýollaryny gurmak üçin çägäniň gazylyp alynmagyny giňeltmek berk düzgünler sebäpli kyn” – diýip, Hanoýdaky RMIT uniwersitetinden infrastruktura hünärmeni Hung Nguýen belledi.

Ýetmezçiligi dolmak üçin, Wýetnam Kambojadaky Mekong derýasyndan çäge importyny artdyrdy. 2023-nji ýylda import möçberi üç esse, 2024-nji ýylda iki esse artdy. Win Suong şäheri esasy kabul ediş nokadyna öwrüldi: 2024-nji ýylyň 9-njy martynda hemra suratlary ol ýerde çägeli 385 ýük gämisini görkezdi. Deňeşdirmek üçin, 2020-nji ýylyň fewralynda olaryň sany 83-den köp däldi. 


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:42
2.3k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......