Ýaponiýadaky howa menziliniň ady wagtlaýyn «Hello Kitty» diýlip üýtgedildi

  • 17.04.2025 22:18
  • 2.3k+

Ýaponiýanyň Kunisaki şäherinde alty aýlap «Oita Hello Kitty howa menzili» diýlip atlandyryljak täze howa menzili açyldy. Bu barada Sanrio Entertainment kompaniýasy «PR Times» portaly arkaly habar berdi.

Bu üýtgeşme Oita prefekturasynyň 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda Osakada geçiriljek «EKSPО — 2025» sergisine gatnaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Serginiň geçirilýän döwründe, howa menziliniň içi Hello Kitty bilen Sanrio brendiniň beýleki meşhur keşpleri bilen bezeler. Şeýle-de binanyň içinde ýolagçylary garşy aljak meşhur gahrymanlaryň heýkelleri ýerleşdiriler.
Mundan başga-da, howa menzili bilen Harmonyland tematik seýilgähiniň aralygynda iýul aýynyň ahyryndan noýabr aýyna çenli ýörite awtobus gatnawy ýola goýlar. Şeýle hem howa menzilindäki dükanlarda diňe Harmonyland üçin ýörite taýýarlanan, çäklendirilen harytlar satuwa çykarylar.

Harmonyland – Sanrio-nyň gahrymanlaryna bagyşlanan tematik seýilgäh bolup, ol Oita prefekturasynda, howa menziliniň golaýynda ýerleşýär.

«Harmonyland geljek ýyl 35 ýyllygyny belleýär. Biz Oita prefekturasyndaky ähli ýaşaýjylara häzire çenli bilelikde döreden ähli ýatlamalarymyz üçin çyn ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris» — diýip, Sanrio-nyň prezidenti Aýa Komaki aýtdy.

Şeýle-de Sanrio Entertainment sosial torlarda ýörite kampaniýanyň başladylandygyny mälim etdi. Onuň çäklerinde, gatnaşyjylar #HELLOFromOitatoTheWorld heştegi bilen Harmonyland seýilgähindäki suratlaryny neşir etmek boýunça höweslendirilýär.
Çäre tamamlanandan soň, howa menzili ýene «Oita howa menzili» diýlip atlandyrylar.



şu gün 00:59
3.9k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......

20.06.2026 01:05
4.3k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.2k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....