Bagama adalary şowsuz wakadan soň SpaceX raketalarynyň öz suwlaryna gonmagyny gadagan etdi

  • 17.04.2025 18:18
  • 9.5k+

Bagama adalarynyň hökümeti daşky gurşaw boýunça derňewler doly tamamlanýança, SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketalarynyň ýurduň çägindäki suwlara gonmagynyň togtadylýandygyny habar berdi.

“Daşky gurşawa ýetýän täsire doly baha berilýänçä, mundan beýläk hiç hili ygtyýarnama berilmez” – diýip, Bagama adalarynyň aragatnaşyk direktory Latrae Raming aýtdy.

Ozal, fewral aýynda, Falcon 9-yň Eksuma-Saund sebitine ilkinji gonuşyndan soň, ýurduň häkimiýetleri degişli edaralardan ygtyýarnama almak şerti bilen ýene 19 uçuşy tassyklady.
Derňew üçin sebäp bolsa geçen aý Tehasdaky kosmodromdan uçandan tiz wagtdan soň ýarylan Starship gämisi bilen bagly waka boldy. Sosial ulgamlardaky wideo ýazgylarynda gäminiň döwük bölekleriniň Günorta Floridanyň we Bagamalaryň üstünden uçup geçişi görünýär. Habar berlişi ýaly, hereketlendirijiler işlemegini bes edenden soň, gämi pyrlanyp başlady.
Hökümetiň maglumatlaryna görä, döwük bölekler Bagama adalarynyň howa giňişligine düşdi. Häkimiýetler olarda zäherli maddalaryň ýokdugyny we olaryň deňiz ekoulgamyna ýa-da suwuň hiline uly zyýan ýetirmejekdigini belledi.
Eksuma-Saund sebiti SpaceX tarapyndan Falcon 9-yň birinji basgançaklarynyň deňiz platformalaryna gonuşy üçin ulanylýar. Bu ýer töwekgelçilikleri azaltmak üçin suwuň çuňlugy we gämi işjeňliginiň pesdigi üçin saýlandy.


21.05.2026 22:52
8.3k+

Özbegistanda pyýada ýöräniň üçin pul berýän täze ykjam programma işe girizildi

Özbegistanda ýaşaýjylara her gün ýörän ädimleri üçin pul sylaglaryny berýän «Eko-işjeň raýat» atly sanly platforma işe başlady....

20.05.2026 12:56
2.6k+

Özbegistan 2027-nji ýylyň türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip atlandyrylmagyny teklip etdi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew 2027-nji ýyly türki dünýäsinde «Ekologiýany goramak ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi. Bu başlangyç Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlaryň Türküstan......

12.05.2026 14:49
4.3k+

Jeff Bezos we Loren Sançes ekologiýa taýdan arassa matalary döretmek üçin 34 million dollar berdiler

Jeff Bezos we Loren Sançes poliesterdir pagta ýaly materiallaryň ornuny tutjak ekologiýa taýdan arassa önümleri işleýän ylmy merkezleri goldamak üçin 34 million dollar serişde goýberdiler....

08.05.2026 15:01
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň Halkara gatnaşyklary institutynda ýaşlar eko-kwesti geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk medeniýeti» kluby hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guralan «Ekologiýa......