Tesla Berliniň eteginde dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy

  • 17.04.2025 11:38
  • 1.8k+

Tesla kompaniýasy Berliniň (Germaniýa) töweregindäki Brandenburg sebitinde ýerleşýän Giga Berlin zawodynda dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy. Umuman alanyňda, bu ýerde 546 sany zarýad nokady gurnalan. Stansiýalaryň köpüsinde ähli brendlerdäki ulaglar üçin elýeterli bolan 11 kWt kuwwatly mugt AC zarýad nokatlary bar. Bu barada «Teslarati» habar berýär.

Bu nokatlaryň 527-si zawodyň günorta duralgasynda ýerleşýär, şolaryň 226-sy gün panelleri bilen örtülen bassyrmanyň aşagynda. Bu bekediň energetika infrastrukturasynyň kuwwaty iň ýokary ýagdaýda 1 megawatta çenli ýetýär.
Tiz zarýad bermek üçin bolsa, kuwwaty 250 kWt-a çenli ýetýän 19 sany Supercharger V4 stansiýasy gurnalan. Bu stansiýalar töleglidir: Tesla awtoulaglarynyň eýeleri üçin 0,40 ýewro/kWt⋅sag, beýleki elektromobiller üçin bolsa 0,53 ýewro/kWt⋅sag. Galan zarýad nokatlary bolsa mugt we hemmeler üçin açykdyr.
Mundan ozal bu rekord 259 zarýad nokady bilen Merklingen şäherindäki bekede degişlidi, emma bu rekord indi Giga Berlin-e geçdi. Täze zarýad megaparky Tesla-nyň Ýewropada elýeterli infrastrukturany ösdürmek strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......