Redmi Turbo 4 Pro we Xiaomi 16 barada täze maglumat syzylmalary peýda boldy

  • 17.04.2025 07:32
  • 2.3k+

Insaýderler Redmi Turbo 4 Pro we Xiaomi 16 smartfonlary barada täze maglumatlary habar berdiler. Enjamlar ýokary kuwwatly batareýalary we Qualcomm-yň iň täze prosessorlaryny alyp bilerler.

Smart Pikachu insaýderiniň habar bermegine görä, ýakyn wagtda çykjak Redmi Turbo 4 Pro 7500 mAh akkumulýator alar. Onda, ölçegini känbir ulaltmazdan, kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýän kremniy-uglerod tehnologiýasy ulanylar.
Gajet Qualcomm-yň Snapdragon 8s Gen 4 prosessoryna esaslanan ilkinji smartfonlaryň biri bolar. Deslapky synaglara görä, onuň öndürijiligi flagman Snapdragon 8 Gen 3 bilen deňeşdirilýär. Enjam içki kuwwatyna goşmaça premium dizaýny hem alar, ýagny onuň demir çarçuwaly aýna korpusy bolar.
Hindistan bilen birlikde halkara bazarlarynda bu modeliň F7 modeli hökmünde Poco brendi astynda çykarylmagy mümkin. Şeýle-de bolsa, bilermenleriň pikirine görä, global wersiýa şonuň ýaly kuwwatly batareýany saklap galmasa gerek. Sebäbi, owaldanam  Xiaomi smartfonlarynyň Poco wersiýalary, hytaý asyl nusgalary bilen deňeşdirilende, mydama az kuwwatly batareýalar bilen enjamlaşdyrylyp gelinýär.
Redmi Turbo 4 Pro-nyň tanyşdyrylyş dabarasynyň aprel aýynyň ahyrynda bolmagyna garaşylýar. Smartfon öndürijiligi boýunça orta aralyk enjam hökmünde ýerleşýär.

Flagman Xiaomi 16 modeli barada ýaýradylan maglumata görä, smartfonyň esasy wersiýasy 7000 mAh akkumulýatory alar. Deňeşdirmek üçin, Xiaomi 15-de 5400 mAh akkumulýator bar. Ekranyň diagonalynyň 6,36 dýumdan 6,4 dýuýma çenli ulalmagy, has uly batareýany gurmaga mümkinçilik döredip biler diýip, çeşme belleýär.
Xiaomi 16 setiriniň yglan edilmegine 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda garaşylýar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...