Lýusi Donaldjohanson bilen duşuşar: NASA-nyň zondy 150 mln ýyllyk asteroid barada maglumat toplar

  • 17.04.2025 01:23
  • 3k+

2025-nji ýylyň 20-nji aprelinde gündogar wagty bilen sagat 13:51-de NASA-nyň «Lýusi» atly kosmos zondy «Donaldjohanson» diýlip atlandyrylýan asteroide 960 kilometr golaýlaşar. Uzak aralykdan duşuşyk mahaly, zond asteroid barada maglumatlary toplap, olary Ýere iberer.

Ýaşy 150 million ýyldan hem köpräk bolan asteroid antropolog Donald Johansonyň hormatyna şeýle atlandyryldy. Ol «Lýusi» diýlip atlandyrylan awstralopitegiň daşlaşan skeletini tapan alymdyr. NASA-nyň «Lýusi» missiýasy hem şol tapyndynyň adyny göterýär.
Zondyň asteroid bilen ýakynlaşmagy «Lýusi» üçin geljekki onýyllykda ýerine ýetirilmeli esasy maksada, Ýupiter bilen bilelikde Günüň daşyndan aýlanýan troýan asteroidlerini öwrenmäge taýýarlygyň möhüm tapgyrydyr. «Lýusi» ilkinji gezek 2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda baş guşaklykda ýerleşýän kiçijik asteroid Dinkineş we onuň hemrasy Selamyň ýanyndan geçipdi. Bu synag arkaly, «Lýusi» missiýasynyň topary ulgamlary barlap görmäge mümkinçilik gazanyp, geljekki saparlara taýýarlanmak üçin möhüm tejribe toplapdy.
Donaldjohanson bilen duşuşykda, «Lýusi» üç sany ylmy enjamdan peýdalanar: ýokary durulykda surata alýan LORRI kamerasyndan, reňkli kamera we spektrometri özünde jemleýän Ralph enjamyndan hem-de infragyzyl şöhleleri ölçeýji TES spektrometrinden. Bu enjamlar troýan asteroidleri öwrenilende toplanyljak maglumatlara meňzeş maglumatlary toplaýarlar. Asteroid bilen ýakynlaşmazyndan 30 minut öň, «Lýusi» onuň ugruny awtonom ýagdaýda yzarlap başlar, şol wagtda Ýer bilen aragatnaşyk wagtlaýyn kesiler.
Dinkineşiňkiden tapawutlylykda, bu gezek «Lýusi» iň ýakyn geçişden 40 sekunt öň gözegçiligini togtadar. Munuň sebäbi onuň näzik enjamlaryny Günüň şöhlesiniň güýçli täsirinden goramakdyr. Şondan soň zond gün panelleriniň ugruny üýtgeder we bir sagat töweregi wagtdan soň Ýer bilen aragatnaşygy täzeden ýola goýar.
Bu gezekki sapar geometriýasy boýunça «Lýusi» üçin iň çylşyrymly ýakynlaşma bolar. Sebäbi Donaldjohanson bilen boljak duşuşyk beýleki saparlara garanyňda tehniki taýdan has kyn we aýratyn şertlere bagly bolup durýar. Troýan asteroidleri bilen boljak geljekki saparlarda beýle çäklendirmeler bolmaz, bu hem zondyň maglumatlary has giňişleýin we dowamly ýygnamagyna mümkinçilik berer.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....