Curioo Kids: Çalt özgerýän dünýäde çagalaryňyzy geljege taýýarlaň

  • 16.04.2025 11:23
  • 129k+

Günsaýyn kämilleşýän “emeli aň”, “sanly ulgamlar”, “kämilleşýän aragatnaşyk tehnologiýalary” we “innowasion döredijilikli dizaýn” ýaly onlarça ugurlar boýunça täze hünärler döreýär. Bu bolsa ýaşaýyş durmuşymyzyň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetirýär. Ýakyn geljekde bu täze tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamynda, senagatyň ähli pudaklarynda, döredijilikde, telekeçilik we halkara gatnaşyklarda täze mümkinçilikleri döredýänligi hemmämize mälimdir. Täze innowasiýalary ulanmak, täzeçe pikirlenmek, öwrenmäge ymtylmak diňe uly ýaşly adamlar üçin däl, eýsem, geljegimiziň hakyky eýeleri bolan çagalarymyz üçin hem örän zerurdyr.

Kiçi ýaşlardan çagalaryň käbiri surat çekmek, çyzgy çyzmak arkaly içki düýäsini kagyzlara geçirýär. Bu hereket olaryň aňastyndaky umman ýaly giň döredijilik dünýäsiniň ujypsyzja önümidir. Ene-atalar çagany goldawy, söýgüsi bilen näderejede gurşasalar, çagalarda bar bolan bu ukyp-başarnyklar has-da çalt kämilleşýär. Bu bolsa çagada öz özüne bolan ynamy döredýär we şahsyýet hökmünde kämilleşmegiň täze basgançaklaryna atarýar.
Kä çaga bolsa gürlemegi halamaýar, käte töweregi bilen gatnaşygy pes ýa-da başgaça aýdanymyzda, özbaşdak hereketi saýlaýar. Bular ýaly çagalar özbaşdak pikirlenmegi, gündelik durmuşynda ýüze çylýan soraglara dogry, özüni ynandyrjak jogaplar gözlemegi halaýar. Olar synlamak, diňlemek, pikir ýöretmek netijesinde aň astyndaky maglumatlary ulanmak arkaly çalt analiz etmek ukyplaryny kämilleşdirýär. Bu çagalar ýazmaga, okamaga, dil baýlygyny giňeltmäge we täzelikleri öwrenmäge has ukyply bolýar. Şonuň üçin hem kiçi ýaşda bolsa-da çagalaryň soraglaryny diňläň we onuň düşünjek derejesinde jogap bermäge synanyşyň.
Käbir çagalar bolsa kiçi ýaşlaryndan gürrüň bermegi, diňlemegi we köpçülik bilen gatnaşygy halaýar. Ene-atalar üçin iň möhüm zat – çagalarda bar bolan güýçli taraplaryny, olaryň ukyp-başarnyklaryny dogry anyklamak we şol ugurda olaryň kämilleşmeklerine goldaw we ýardam bermekdir.
Okuw we bilim almak – çaga hem-de onuň ene-atasy üçin öňünde goýan maksatlaryna, arzuwlaryna ýetmegiň iň güýçli serişdesi we köprüsi bolup durýar. Bu serişde we köpri döwrüň talaplaryna, çaganyň ukyp-başarnyk we häsiýet aýratynlyklaryna laýyklykda ulanylanda has hem täsirli bolýar.

CURIOOKIDS BILEN GELJEGE TARAP YNAMLY ÄDIŇ!
Aşgabat şäherinde “Bilesigeliji” okuw merkezi, döwrüň talaplaryna laýyk, çagalaryň ukyp-başarnyklaryna esaslanýan özboluşly usulyýeti hödürleýär. Bu usulyýet dünýäde giňden ulanylýan “Curioo Kids Global English Learning World” okuw maksatnamasyna esaslanýar.

 Bu okuw meýilnamasy Kembrij uniwersiteti we Malaýziýanyň okuw maksatnamalarynyň esasynda taýýarlanyldy. Bu ýerde çagalar diňe iňlis dilini öwrenmegiň dürli usullaryny däl, eýsem şol bir wagtda iňlis dilinde:

  • tehnologiýalar bilen içgin tanyşmak;
  • döredijilikli dizaýn we telekeçilik esasly pikirlenme ukybyny ösdürmek;
  • şahsyýet hökmünde ösüşine goşant goşmak ýaly başarnyklaryny ösdürýärler.

Sapaklar özleşdirilende her bir okuwça indiwidual çemeleşmek esasly we interaktiw usulyýetde geçilýär. Her toparda okuwçy sany 10-12 bolup, bu geçilýän sapaklaryň has täsirli bolmagyna we mugallymlaryň okuw prosesinde her bir okuwça aýratyn üns bermegine uly mümkinçilik döredýär.

Okuw merkezinde CBAS (Curioo Behaviouaral Aptitude System), ýagny çaganyň özüni alyp baryş we ukyp-başarnyklaryny anyklaýyş ulgamy ulanylýar.

Bu ulgama laýyklykda, okuw tapgyrynyň başynda çaganyň umumy ukyp-başarnyk ýagdaýy hakynda degişli synag sowalnamalary (assesmentler) alynýar. Şeýle hem çaganyň ene-atasyndan hem çagany tanamak maksatly degişli sowalnamalar arkaly maglumatlar alynýar. Okuw tapgyryndaky okuwlaryň dowamynda mugallymlar tarapyndan her çaga degişli (işjeňlik, başarnyk, islegler, mümkinçilikler, ukyplary, döredijilikli pikirlenme, döredijilikli dizaýn ..) ýagdaýlary hem gözegçilik edilýär. Degişli maglumatlar ýygnalýar, seljerilýär we ene-atalar bilen paýlaşylýar.
Bu bolsa çaganyň haýsy başarnyklary güýçlenýändigi, ukyplary, onuň ösüş prosesleri we çaganyň islegleri hakynda ene-atalara möhüm maglumat bolýar. Bu seljermeler çaganyň geljeginiň, şahsyýetiniň kämilleşmegine dogry usullar bilen çemeleşäge uly goldaw berýär.

CURIOO KIDS OKUW MERKEZINDE 15-NJI APRELDEN BAŞLAP, TOMUSKY OKUW TAPGYRYNA ÝAZYLYŞYK BAŞLADY!

Has giňişleýin maglumat almak üçin telefon belgileri arkaly habarlaşyp, şeýle hem Instagram sahypasyndaky täzelikleri yzarlap bilersiňiz.
Salgysy: Aşgabat ş., N.Gullaýew (Nagina) köçesi, jaý 33

Habarlaşmak üçin: +993 71 803535;
+993 71 80-65-65;
26-69-65.

Instagram: @curioo.turkmenistan 
TikTok:
@curioo.turkmenistan


14.12.2025 12:23
5.8k+

«Baky Tylla» bilim merkezi: geljekki çempionlar üçin ýol açylýar

Häzirki zaman sanly dünýäsinde üstünlik gazanmak, diňe bir tehnologiýany ulanmagy däl, eýsem ony döretmegi we çylşyrymly meseleleri çözmegi başarmagy talap edýär. «Baky Tylla» bilim merkezi hut şu maksat bilen, ýaş zehinleriň gizlin mümkinçiliklerini açmak we olary dünýä derejesindäki hünärmenler edip ýetişdirmek üçin hereket edýär...

10.12.2025 09:30
199k+

“Bedew Elektronikada” -10%; -20%; -30%-e çenli arzanlaşyklar dowam edýär

Täze ýylda özüňe hem sowgat alyp begendirmeli däl diýip kim aýdypdyr?! “Bedew Elektronika” dükanynda hojalykda ulanyp boljak tehnikalaryň giň toplumyna Täze ýyl arzanlaşygy dowam edýär. Özüňize we ýakynlaryňyza hojalykda işiňizi ýeňilleşdirjek dürli görnüşli tehnikalary amatly bahadan satyn almak üçin mümkinçilikden peýdalanyň...

05.12.2025 10:23
113k+

“Bedew Elektronikada” Täze ýyl arzanlaşygy başlady: Android TV-ler, gazplitalar, pylesoslar...

Täze ýylda ýakynlaryňa näme sowgat etmeli diýip oýlanýanlar üçin “Bedew Elektronika” dükany amatly teklip hödürledi. Dekabryň tutuş dowamynda dükanda Täze ýyl arzanlaşyk aksiýasy hereket edýär. Aksiýanyň barşynda Android telewizorlar, peçler, gazplitalar, et maşynlar, pylesoslar we başga-da köp sanly tehnikalary has elýeter bahadan alyp bolar...

02.12.2025 18:31
131k+

Banka girew goýmakçy bolýan emlägiňize baha kesmelimi? "Şowly baha" HK baha kesmek hyzmatyny hödürleýär

BAHA KESMEK NÄME ÜÇIN GEREK? Ýönekeý dilde aýdylanda... Mysal üçin, islendik adam belli bir maksat bilen bankdan dürli möçberdäki pul serişdelerini karz almak isleýär. Bank bolsa munuň üçin girew soraýar. Bu ýagdaýda raýata özünde bar bolan emlägini (gozgalýan we gozgalmaýan) girew goýmak üçin şonuň bazar bahasyny çykarmaly bolýar...