Şwesiýaly alymlar plastilin ýaly süýnýän ýumşak batareýany işläp düzdüler

  • 15.04.2025 23:18
  • 2.2k+

Şwesiýanyň Linçýoping uniwersitetiniň alymlary islendik şekli alyp bilýän, plastiline meňzeş täze görnüşli batareýany işläp düzdüler. Süýnýän ýumşak batareýa suwuk elektrodlardan peýdalanýar, bu bolsa ony beýleki enjamlara täzeçe usullar bilen ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada geçirilen ylmy-barlaglaryň netijeleri «Science Advances» žurnalynda çap edildi.

Adaty batareýalar gaty we agyr bolýar, bu bolsa olaryň ownuk ýa-da çeýe enjamlar üçin peýdalanylmagyny kynlaşdyrýar. Täze döredilen batareýa bu çäklendirmelere garşy çözgüt hödürleýär: onuň elektrodlary geçirijilik aýratynlygy bolan suwuk plastikden we kagyz önümçiliginden galyndy hökmünde alnan ligninden taýýarlanyldy. Materialyň teksturasy diş pasta meňzeýär, bu bolsa 3D printer arkaly batareýanyň islendik görnüşde öndürilmegine mümkinçilik berýär.
Alymlar batareýany synagdan geçirdiler we onuň netijeliligini ýitirmezden, 500-den gowrak zarýad berme we zarýaddan boşatmak aýlawyndan geçýändigini görkezdiler. Batareýany dartyp, iki esse diýen ýaly uzaldyp bolýar, emma ol şonda-da işleýär. Öňki synanyşyklarda ulanylan suwuk metallar wagtyň geçmegi bilen gatylaşyp, öz häsiýetlerini ýitirýärdi, emma täze tehnologiýanyň ulanylyşy ýeňil we tebigata zyýansyz materiallar arkaly has durnukly bolýar.
Täze işlenip düzülen batareýa geljekki tehnologiýalar üçin, meselem, geýilýän datçikler, ýüregiň urşuny kadalaşdyryjy enjamlar ýa-da elektron matalar ýaly ýeňil we çeýe enjamlarda ulanmak üçin örän amatlydyr. Emma häzirlikçe bu batareýa diňe 0,9 woltlyk tok berip berýär, bu bolsa adaty batareýalardan pesdir. Alymlar bu görkezijini ýokarlandyrmak maksady bilen, batareýa sink ýaly metallary goşmagy meýilleşdirýärler.


09.06.2026 23:04
2.4k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

08.06.2026 17:00
3.1k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
2.1k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......