Täze işlenip düzülen neýrointerfeýs saçyň iki tarynyň arasyna ýerleşýär

  • 15.04.2025 23:16
  • 5.8k+

Jorjiýanyň tehnologiýa institutynyň alymlary günorta koreýaly barlagçylar bilen bilelikde kelle derisindäki saçlaryň aralygyna ýerleşýän örän kiçi ölçegli neýrointerfeýsi işläp düzdüler. Ony deriniň ýüzüne zeper ýetirmezden ornaşdyryp bolýar diýip, «SingularityHub» habar berýär.

Täze tehnologiýanyň esasynda, mikroskopik iňňeler bilen örtülen, polimerden ýasalan haç şekilli datçikler ýerleşýär. Bu kiçijik bölekler kelle derisine degende ýuwaşlyk bilen berkeýär. Maglumatlar saçlaryň arasynda göze ilmez ýaly ýerleşdirilen, süýümli egrem-bugram geçiriji arkaly geçirilýär we bu geçiriji bolsa ykjam prosessor bilen baglanýar.
Bu modul beýniden gelýän impulslary häzirki wagtda sanly buýruklara öwürýär we daşarky enjamlara ugradýar. Alymlar bu ulgamy iki usulda synagdan geçirdiler:

  • ·Birinjisinde, ulanyjynyň beýnisiniň tolkunlary ýörite programma ornaşdyrylan kompýutere geçirilýärdi.
  • ·Ikinjisinde bolsa, bu signal maglumatlary displeý hökmünde ulanylýan ýörite äýneklere iberilýärdi.

Synaglaryň netijesi ýokary takyklygy görkezdi – 96,4%. Enjam signal ýitgisiz 12 sagada çenli işledi. Işläp düzüjileriň sözlerine görä, bu tehnologiýa köpçülikleýin önümçilige laýyk edilip taýýarlanypdyr. Bu bolsa geljekde hereketi çäkli adamlar üçin, gündelik durmuşda giňden ulanylmagyna ýol açyp biler.


20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.3k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

17.06.2026 11:15
2.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......