Garri Potter serialyndaky Dambldoryň, Sneýpiň we Hagridiň keşpleri üçin aktýorlar tassyklanyldy

  • 15.04.2025 18:04
  • 3.9k+

HBO telekompaniýasy Garri Potter baradaky täze serialda esasy uly ýaşly gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirjek aktýorlary resmi taýdan tassyklady. «Deadline» neşiriniň habaryna görä, serialda dört hemişelik gahryman bilen bilelikde ikinji derejeli keşbi ýerine ýetirjek iki sany aktýor hem belli boldy.

Mundan ozal, «Hogwarts» jadygöýlik mekdebiniň müdiri Albus Dambldoryň keşbini Jon Litgouwyň ýerine ýetirjekdigi barada habar berlipdi.
Täze maglumatlara görä, zäher taýýarlamak boýunça professor Sewerus Sneýpiň keşbini Paapa Essýedu ýerine ýetirer. «Griffindor» fakultetiniň dekany Minerwa MakGonagallyň keşbini aktrisa Janet Maktir ýerine ýetirer. Professor Kwirinus Kwirrelliň keşbini Lýuk Tallon, tokaýçy Rubeus Hagridiň keşbini Nik Frost, hojalyk işgäri Argus Filçiň keşbini bolsa Pol Uaýthaus ýerine ýetirer.
Esasy çagalaryň keşbini – Garri Potter bilen onuň dostlary Ron Uizliniň we Germiona Greýnjeriň keşbini kimleriň ýerine ýetirjekdigi entek belli däl diýip, «Variety» neşiri ýazýar. HBO bu keşpler üçin, 2024-nji ýylyň güýzünde açyk kasting geçiripdi. Şol kastinge 30 müňden gowrak çaga gatnaşypdy.
HBO Garri Potter älemi boýunça serialyň taýýarlanýandygyny ilkinji gezek 2023-nji ýylyň aprelinde mälim edipdi. Telekompaniýa bu serialyň ýazyjysy Joan Roulingiň «meşhur kitaplarynyň takyk adaptasiýalaşdyrylan görnüşi» boljakdygyny aýdypdy. Serialyň surata düşüriş işlerine 2025-nji ýylyň tomsunda başlanylmagyna garaşylýar.


düýn 11:31
1.8k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....