Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

  • 15.04.2025 07:25
  • 4.5k+

14-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda ol ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy, düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow parlamentara gatnaşyklary berkitmekde Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işini aýratyn belledi.
Döwlet Baştutany ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin Endo Toşiakä minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ilerletmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda netijeli işleýändiklerini, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýandyklaryny, iri ýapon kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilendigini we şeýle hyzmatdaşlygyň häzir hem üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi.


20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......