Dünýäde ilkinji interaktiw golografiki displeý döredildi

  • 14.04.2025 14:31
  • 2.7k+

Ispan alymlary eliň bilen dolandyryp bolýan ilkinji interaktiw golografiki displeýi döretdiler. Şekil howada peýda bolýar we eliň bilen onuň içine girip, zatlary aýlap, süýşürip bolýar. Bu enjam okuw, görkezmeler, muzeýler ýa-da güýmenjeler üçin hem peýdaly bolup biler. Ilkinji görkezilişi aprel aýynyň ahyrynda Ýaponiýada bolar diýip, «EurekAlert!» habar berýär.

«Filmlerde görüp, gologramma diýip atlandyrýan zatlarymyz, aslynda, göwrümli şekillerdir» — diýip, taslamanyň baş awtory Nawarra döwlet uniwersitetinden (UPNA) Elodi Buzbib düşündirýär.

3D displeýler ozal hem bardy, ýöne olaryň hiç birine eliň bilen gönüden-göni täsir edip bolmaýardy – bu aýratynlyk bu enjamda ilkinji gezek mümkin boldy.
Adatça, golografiki displeýlerde proýeksiýa giňişlikde çalt titreýän diffuzora – ýagny list görnüşli tekizlige gönükdirilýär. Oňa sekuntda 2880 kadra çenli tizlikde şekil düşürilýär. Gözüň inertligi sebäpli, beýni dürli belentlikde, dürli wagtlarda peýda bolýan bölekleri bitewi göwrümli şekil edip birleşdirýär.
Täze displeýde alymlar berk diffuzoryň deregine, elastik zolaklary ulandylar. Tehnologiýa çylşyrymly bolsa-da, netijesi üstünlikli: adamlar indi golografiki şekiller bilen göni täsirleşip bilýärler.
Bu enjam CHI 2025 atly halkara ylmy maslahatda – 26-njy aprelden 1-nji maýa çenli Ýaponiýanyň Ýokogama şäherinde görkeziler. Bu maslahata Microsoft, Meta, Apple we Adobe ýaly dünýä belli kompaniýalaryň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.


şu gün 10:31
4.1k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
982

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......