Apple TV+ islemese-de adamlary halas edýän android baradaky serialyň treýlerini çykardy

  • 14.04.2025 13:02
  • 1.8k+

Apple TV+ platformasynda adamlary halamaýan, ýöne olary halas etmegini dowam etdirýän android barada ylmy-fantastiki serial “Killerbot” (Murderbot) çykar. Akym hyzmaty onuň treýlerini hödürledi.

Serial Marta Uellsiň “Killerbotuň gündeligi” kitaplarynyň ekranlaşdyrmasydyr. Onda baş keşbi Aleksandr Skarsgard ýerine ýetirdi. Şeýle-de, ol ýerine ýetiriji prodýuser bolup çykyş etdi. Serialyň premýerasy 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda bolar.
Sýužet Killerbot lakamly ýarym organiki robot barada gürrüň berýär. Oňa öz howpsuzlyk ulgamyny döwmek, buýruk modulyny öçürmek we erkinlik gazanmak başartdy. Muňa garamazdan, android adamlary halamasa-da, olary gizlin goramagyny dowam etdirýär.
Taslamanyň şouranneri Krissi Haýz boldy. Synag bölüminiň režissýory hökmünde “Tagtlaryň oýnuny” we “Ýigitleri” döretmäge gatnaşan Aleks Greýwz çykyş etdi.
Serial Hýugo, Nebýula we Lokus baýraklaryna mynasyp bolan bestsellerlere esaslanýar. Umuman, seriýa dokuz kitapdan ybarat.


21.06.2026 21:09
1.2k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......