Serdar Berdimuhamedow Osakada «EKSPO — 2025-däki» Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördi

  • 14.04.2025 12:23
  • 8.1k+

14-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäginde guralan Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Irden «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow serginiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazga galdyrdy. Soňra döwlet Baştutany Ýaponiýanyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşyp, bu ýerde söz sözledi.
Bu ýerde şeýle hem şu günler Ýaponiýada bolýan türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň resmi wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gördi. Döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda pawilýonyň toý bagyny kesdi. Soňra bu özboluşly desga bilen tanyşlyk boldy. Belent mertebeli myhmanlar ýurdumyzyň taryhyny, gözel tebigatyny, milli baýlyklaryny, ýeten belent sepgitlerini beýan edýän, 3D animasiýa görnüşinde taýýarlanan wideoşekile tomaşa etdiler.
Binanyň ikinji gatynda Arkadag şäheriniň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň sergi eksponatlary ýerleşýär. Üçünji gatda bolsa myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenilýär. Soňra Serdar Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň resmi wekilleri «Günüň dogýan ýurdunyň» milli pawilýony bilen hem tanyşdylar.
Türkmenistan bu iri gözden geçirilişe gatnaşýan 160-a golaý ýurduň arasynda öz Milli gününi ilkinjileriň hatarynda geçirmek hormatyna eýe boldy.


20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......