Türkmenistan Antalýa diplomatiýa forumynda Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi

  • 14.04.2025 11:44
  • 2.6k+

11-nji aprelde wise-premýeri H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti dördünji Antalýa diplomatiýa forumynyň (ADF 2025) işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

“Böleklere bölünen dünýä diplomatiýanyň dolanmagy” şygary astyndaky ýokary derejeli çäre Antalýa şäheriniň (Türkiýe Respublikasy) “Nest” kongresler merkezinde geçirildi. Forumyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara halkara hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik döreden birnäçe mowzuklaýyn bölümler guraldy.


H.Geldimyradow “Hyzmatdaşlyk, sanlylaşdyrma we ösüş” bölüminde eden çykyşynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan we halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ähliumumy abadançylyga we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly goşant goşýandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi Türkmenistanyň ähliumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy Türkmenistanyň Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek we Çalşykly dolanyşykdaky ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyçlarynyň ähmiýetine gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Diplomatik forumyň çäklerinde wise-premýer H.Geldimyradow bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň (ÝÖK) Başlygy Erol Özwaryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň arşynda taraplar ylym we ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda Türkmenistanyň we Türkiýäniň bilim edaralarynda bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......