Ýupiteriň hemrasy Ýewropadan üstki gatlaga çykýan suw yzlary tapyldy

  • 14.04.2025 10:50
  • 2.8k+

Ýupiteriň buz bilen örtülen hemrasy - Ýewropadan alymlar ýaňy-ýakynda suwuň üstki gatlaga çykan alamatlaryny tapdylar. ABŞ-ly, şwesiýaly we italiýaly planetologlar käbir ýerlerde suwuň mundan birnäçe hepde öň doňup galandygyna ynanýarlar. Bu hemranyň içinde buzasty ummanyň bardygy baradaky çaklamany tassyklaýar.

Gözegçilikler “Jeýms Uebb” orbital obserwatoriýasy arkaly alnyp baryldy. Barlagyň netijeleri arXiv.org deslapky çap serwerindäki makalada paýlaşyldy.
Makalada adatça kosmosda amorf buzunyň agdyklyk edýändigi, onuň çalt doňmak arkaly emele gelýändigi we bitertip gurluşa eýedigi aýdylýar. Ony ýagtylygy yzyna serpikdirişi boýunça kristaldan aňsatlyk bilen tapawutlandyryp bolýar.
Ýewropada, esasan, amorf buz tapyldy, ýöne Tara we Pouis sebitlerinde alymlar kristal buzlary hem hasaba aldylar. Bu ýerler birneme ýyly we garaňky bolup, suwuň has haýal doňmagyna we kristallaryň döremegine mümkinçilik berýär. Şeýle-de bolsa, radiasiýa sebäpli şeýle buz 15 günüň içinde amorf buzuna öwrülýär. Bu suwuň ýokarky gatlaga ýaňy-ýakynda çykandygyny aňladyp biler.
Bu sebitlerden seýrek uglerod izotopy ¹³C-li doňan kömürturşy gazy hem tapyldy. Onuň çuňluklardan suw bilen çykýan ýa-da organiki birleşmeleriň dargamagy bilen baglanyşykly bolmagy mümkin.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......