Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady

  • 13.04.2025 16:36
  • 9.7k+

Şu gün, 13-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti «EXPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşar we ýokary derejedäki gepleşikleri geçirer.


Şu ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi geçiriler. Bu abraýly halkara gözden geçirilişe Türkmenistan hem gatnaşýar. Milli sergini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreler görüldi. Pawilýonda daşary ýurtly myhmanlar türkmen medeniýeti, taryhy, şeýle hem döwletimiziň häzirki ykdysady, intellektual, eksport kuwwaty we mümkinçilikleri bilen hemmetaraplaýyn tanyşdyrylar. Ýurdumyzyň Milli gününi ählumumy serginiň çäklerinde 14-nji aprelde geçirmek meýilleşdirilýär.


20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......