Türkmenistanyň wekiliýeti Rimde halkara maslahatyna gatnaşdy

  • 11.04.2025 23:13
  • 2.4k+

10-njy aprelde Rimde “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahaty Italiýanyň Aziýa instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň italiýadaky ilçihanasy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow ýolbaşçylyk etdi.
Çäräniň dowamynda BMG-niň 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň inklýuziw, adalatly we durnukly dünýäni gurmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň başlangyjynyň ähli döwletleri dünýä tertibiniň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak pikirlerini durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işi başlamaga çagyryş bolup durýandygy bellenildi.
Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çirielli Italiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny nygtady.
Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljeginiň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdi.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......