78-nji Kann kinofestiwalynyň tertibi yglan edildi

  • 11.04.2025 16:17
  • 1.9k+

10-njy aprelde 78-nji Kann kinofestiwalynyň guramaçylary onuň tertibini yglan etdi. Ol festiwalyň direktory Týerri Fremonyň we prezidenti Iris Knoblohyň gatnaşmagynda göni ýaýlymda geçirildi diýip, Variety habar berýär.

Knoblohyň aýtmagyna görä, şu ýyl guramaçylyk komiteti rekord arza kabul etdi – 2909.
Kinofestiwal 2023-nji ýylda iň gowy gysga metražly oýun filmi üçin “Sezar” baýragyny alan fransuz režissýory Ameli Bonniniň “Ýekeje güni goýup git” (Оставь один день) filmi bilen açylar.
Esasy bäsleşikde 18 film bar. Gatnaşyjylaryň hatarynda Ues Andersonyň, Jafar Panahiniň, Riçard Linkleýteriň, Ari Asteriň, doganlar Dardenniň, Sergeý Loznisanyň, Kelli Raýhardtyň we Žýuli Dýukornonyň täze filmleri bar.
Bäsleşikden daşary Spaýk Liniň, Sedrik Klapişiň täze filmleri hem-de Tom Kruz bilen “Missiýa ýerine ýetirmesiz” filminiň sekizinji bölümi görkeziler. Soňkynyň görkeziljekdigi barada eýýäm 8-nji aprelde belli boldy.
Skarlett Ýohansson we Harris Dikinson hem özleriniň ilkinji režissýorlyk işlerini görkezer – “Eleanora Beýik” we “Deňiz kirpisi”. Olaryň ikisi-de “Aýratyn garaýyş” programmasyna goşuldy.
Emin agzalarynyň başlygy Žýulýet Binoş bolar. Aktrisa “Sezar”, “Oskar”, BAFTA baýraklarynyň we iň gowy zenan keşbi üçin Kann baýragynyň eýesidir. Ol 2024-nji ýylyň maý aýyndan bäri Ýewropa Kinoakademiýasyna ýolbaşçylyk edýär.
Dabarany alypbaryjy fransuz aktýory Loran Lafitt bolar. Hormatly “Altyn palma şahasyny” Robert De Niro alar.


şu gün 08:26
3k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....