Hytaýly suratkeş müňden gowrak ýumurtganyň ýüzüne keşp çekip, Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 11.04.2025 16:36
  • 9.5k+

Hytaýly suratkeş «Günbatara syýahat» serialyndaky müňden gowrak gahrymanyň keşbini ýumurtganyň gabygyna nagyşlap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Ginnesiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Pekin şäheriniň ýaşaýjysy Ma Çao 35 ýaşynda durmuşyny düýpgöter üýtgetmek kararyna gelip, 3D dizaýner işini taşlap, ýumurtganyň gabygyna surat çekmek bilen meşgullanyp başlapdyr. Birnäçe ýyl bäri, ol her gün çylşyrymly portretleri näzik gabyklaryň ýüzüne çekip gelýär. Ol häzire çenli 1040 sany gabygyň ýüzüne keşp çekip, «Günbatara syýahat» eserini dolulygyna şekillendirdi we nagyş çekilen ýumurtgalaryň iň uly sergisi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Ýumurtganyň gabygyna nagyş çekmek – inçe we çylşyrymly şekilleri 0,3 mm galyňlykdaky örän näzik gabyga dürs we üns bilen çekmek sungatydyr. Gabygyň islendik ownuk titremede ýa-da säwlikde döwülmegi mümkin. Şonuň üçin suratkeş iş wagty dem almagyny hem bes edip, elini has durnukly ýagdaýda saklamaly bolýar.
Keşpler şeýle bir jikme-jik çekilen welin, gahrymanlaryň eşigindäki tüýjagazlara çenli aýdyň görünýär. Edil mikroskopyň astynda çekilen ýaly, emma hakykatda suratkeş diňe öz gözüniň görşüne bil baglap işläpdir.


«Günbatara syýahat» – XVI asyra degişli adybir romanyň esasynda surata düşürilen we ilkinji gezek 1986-njy ýylda tomaşaçylara hödürlenen hytaý teleserialydyr. Romanda buddist keşiş Sýuanszanyň Hindistana eden syýahaty barada gürrüň berilýär. 100 bapdan ybarat roman hytaý klassyky edebiýatynyň «dört beýik romanynyň» biri hasaplanylýar we teleserialy hem Hytaýyň milli telewideniýesinde ýygy-ýygydan görkezilýär.
Ýumurtganyň gabygyna nagyş çekmek Hytaýda Min we Sin dinastiýalarynyň döwründen bäri bar we häzirki wagtda ýitip barýan sungatlaryň biri hasaplanylýar. Emma häzirki wagtda bu sungaty dikeltmek boýunça tagallalar edilýär. Bu çäreleriň dowamynda, Gansu welaýatyndaky Lançžouwyň resurslar we daşky gurşaw uniwersitetiniň etniki senetçilik kollejiniň 2023-nji ýyldaky okuw meýilnamasyna ýumurtganyň gabygyna nagyş çekmek boýunça täze ders hem goşulypdy.


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......