“Amal edip bolmajak tabşyryk: Soňky haklaşyk”  filminiň ilkinji görkezilişi Kannda geçer

  • 11.04.2025 12:32
  • 3.3k+

“Amal edip bolmajak tabşyryk: Soňky haklaşyk”  filmi Kann film festiwalynda görkeziler. Blokbasteriň ilkinji görkezilişi 14-nji maýda bolar. Film bäsleşik programmasyndan daşgary görkeziler diýip, Variety habar berýär.

Franşizanyň sekizinji bölüminiň görkezilişine onuň ýyldyzy Tom Kruz we režissýor Kristofer MakKuori gatnaşar.
Kruz Kann film festiwalyna üçünji gezek gatnaşar. Ondan öň aktýor kino görkezilişe 1992-nji ýylda Kannda onuň gatnaşmagyndaky “Uzak ýurt” filmi görkezilende barypdy. Kruz ikinji gezek mawy kenara 2022-nji ýylda “Top Gan: Mewerik” bilen gaýdyp gelipdi.
“Amal edip bolmajak tabşyryk” seriýasynyň täze filmini döredijiler tomaşaçylara “ýatdan çykmajak kinematografiki täsirleri” wada berýär. Kruzden başga-da, filmde Heýli Etwell, Wing Reýms, Saýmon Pegg, Anžela Bassett we Isaýa Morales çykyş eder.
Film 21-nji maýda bütin dünýäde görkeziler. Paramount Pictures filmiň distribýutory hökmünde çykyş eder.


şu gün 08:26
3.1k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....