Audi BMW M3-e bäsdeş taýýarlaýar. Täze RS 5  600 at güýçli gibrid gurluşy alar

  • 11.04.2025 16:24
  • 3.2k+

Audi täze RS 5 Avant-yň we RS 5 Berlina-nyň taýýarlyk işlerini tamamlaýar. Iki model hem ýapyk çärede ABŞ-daky dilerlere görkezildi. Köpçülik üçin ilkinji görkezilişiň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolmagyna garaşylýar.

Deslapky maglumatlara görä, awtoulaglar goşa turbo güýçlendirijili we elektrik hereketlendirijili 2,9 litrlik V6 esasly gibrid gurluşy alar. Jemi kuwwaty 608 at güýji bolar. Deňeşdirmek üçin, öňki benzin hereketlendirijisi 450 at güýjüni öndürýärdi.
Ähli tekerleri hereketli Quattro ulgamy, ýedi tizlikli S tronic geçirişi we tork wektory saklanyp galar.
Model, takmynan, 25 kWt·s akkumulýator bilen üpjün ediler. Bu 100 km-e çenli elektrik çekijili ýöreýiş ätiýaçlygyny üpjün eder. Bu ulgamyň kömegi bilen täze RS 5 kuwwatlylyk we netijelilik sazlaşygy taýdan öz synpynda iň gowularyň birine öwrülip biler.


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...