«Biziň soňkymyz» serialynyň ikinji möwsümini görenleriň 90%-i oňyn baha berdi

  • 10.04.2025 13:35
  • 4.6k+

«Biziň soňkymyz» (The Last of Us) serialynyň ikinji möwsümine Rotten Tomatoes-da 90% oňyn syn berildi. Serial öňküsi ýaly kämil hem täsirli bolmagynda galýar. Ikinji möwsümde, ozalky ýaly, syýahat temasyna däl-de, siwilizasiýanyň kem-kemden kämilleşmegine we belli bir ýerde ýaşamagyň nähili boljakdygyna üns berilýär diýip, «Variety» neşiri habar berýär.

Ikinji möwsümde Ebbi (Keýtlin Dewer) atly keşp ilkinji gezek peýda bolýar, emma ol garaşylşy ýaly uly rol oýnamaýar. Onuň ýerine Dina (Izabela Mersed) Elli üçin möhüm ýoldaşa öwrülýär.
«Biziň soňkymyz» serialynda zombi ýeke-täk howp däl. Kanunlaryň ýok dünýäsinde her bir adam dogry bilen ýalňyşy özüçe kesgitleýär.
Serialyň ikinji möwsüminiň ilkinji bölümi 14-nji aprele geçilýän gije HBO-da we Max-de görkeziler, galan bölümler bolsa her hepdäniň ýekşenbe güni ýaýlyma beriler.
Ýatlatsak, ozal serial tomaşa sany boýunça «Aždarhanyň öýünden» öňe geçip, rekord goýupdy.


düýn 22:06
290

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.8k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......