«Biziň soňkymyz» serialy tomaşa sany boýunça «Aždarhanyň öýüniň» rekordyny täzeledi

  • 19.03.2023 11:05
  • 13k+

«Biziň soňkymyz» serialy tomaşa sany boýunça "Aždarhanyň öýünden" öňe geçip, öz rekordyny goýdy. Bu seriala 30,4 mln adam tomaşa etdi. "Tagtlaryň oýnunyň" prikweli 29 mln tomaşaçyny ekrana çekipdi diýip, "The Hollywood Reporter" habar berýär.

Serial şol sanda öz rekordyny hem döwdi. Birinji möwsümiň jemleýji bölümi 8,2 mln tomaşaçyny özüne çekdi. Bu birinji bölümiň görkezijisinden 74,5% köpdür. Ýagny, oýnuň ekranlaşdyrylmasynyň birinji bölümine 4,7 mln adam tomaşa edipdi.
«Biziň soňkymyz» serialynyň premýerasy 15-nji ýanwarda boldy. IMDb portalynyň ulanyjylary oňa 10-dan 9 bal, "Kinopoiskiň" ulanyjylary bolsa 10-dan 8,2 bal berdiler. Serialda Joeliň keşbini ýerine ýetiren aktýor Pedro Paskal mart aýynyň başynda eýýäm şu ýyl ikinji möwsümiň surata düşürilip başlanmagynyň mümkindigini aýtdy. Ony döredijiler serialyň ikinji möwsüme uzaldylandygyny tassykladylar.
«Biziň soňkymyz» - adybir oýna esaslanýan serial bolup, onda sýužet boýunça planetanyň ilatyna wirus ýokuşyp, adamlar zombilere öwrülýär. Diri galanlar karantin zolaklaryndaky resurlar üçin göreşýär. Şol wagt kontrabandaçy Joel 14 ýaşly Ellä duşýar. Gahrymanlaryň wezipesi sanjym döredip, adamzady halas etmek üçin onuň immunitetiniň syryny bilmekden ybarat.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....