Porsche awtoulaglaryň podweskasyny sazlamagy emeli aňa ynanar

  • 10.04.2025 12:21
  • 1.6k+

Porsche awtoulaglaryň podweskasyny sazlamakda emeli aň (AI) ulanýar. Ulgam amortizatorlardaky, sürüjiniň oturgyjyndaky, tekerdäki we kuzowdaky datçiklerden alnan maglumatlary seljerýär. Ol awtoulagyň näderejede amatly hereket edýändigini kesgitlemek bilen, titremelere we tizlenmelere baha berýär.

"Adamlaryň rahatlyga bolan garaýyşlary dürli-dürli we şu ýerde AI-niň kömegi peýdaly bolup çykýar" – diýip, inžener Emmanuel Bogner belleýär. Onuň sözlerine görä, ulgam bir günlük okuwdan soň obýektiw netijeleri berip bilýär we birnäçe hepdeläp  synag geçirmek we ara alyp maslahatlaşmak gerek bolmaýar.

AI adamyň ornuny tutmaýar, ýöne podweskanyň deslapky sazlanyşynda kömek edýär. Geljekde Porsche has köp hünärmen goşmak we dürli ýol şertlerini göz öňünde tutmak bilen, algoritmiň okuwyny giňeltmegi meýilleşdirýär.
Bu awtoulagy sazlamagyň subýektiw meýdanynda AI-ni ulanmagyň ilkinji mysallaryndan biridir. Porsche adam tejribesinden ýüz öwürmezden, sanly tehnologiýa tarap barýar.


01.06.2026 10:57
3.1k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......