Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň gurluşygyna baryp gördi

  • 10.04.2025 11:54
  • 8.6k+

9-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda metjidiň gurulýan ýerine gelip, onuň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň müftüsi Ý.Hojagulyýew we Ahal welaýatynyň ymamy R.Gurbanmyradow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna täze metjitde alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.

Bellenilişi ýaly, metjidiň içinde birbada 30 müň adam namaza durup biler ýaly mümkinçilik dörediler. Şol sanda bu ýerde birbada 5 müň zenana niýetlenen ýeriň göz öňünde tutulandygy aýdyldy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda türkmençilik däplerini dowam etdirmek, Gurban we Oraza baýramlaryny degişli derejede bellemek babatda zerur tagallalar edilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ýurdumyzda üç günläp mukaddes Gurban baýramy bellenilýär. Türkmenistanyň müftüsi şol günlerde haj parzyny berjaý etmäge isleg bildirýän watandaşlarymyzyň ýüzlerçesini Mekgä we Medinä ugratmak, bu ugur boýunça howa gatnawlaryny ýola goýmak babatda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hajy Arkadagymyza hem-de Arkadagly hajy Serdarymyza din wekilleriniň we ähli halkymyzyň adyndan hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, şu günler hem Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetinde haj parzyny berjaý etmek üçin zyýarata gitmäge isleg bildirýän ildeşlerimizi Mekge-Medinä ugratmak boýunça degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şeýlelikde, bu işleriň çözgüdine toplumlaýyn esasda çemeleşilýär.


düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....