Beýik Britaniýada oturdylan ýatgyly aýaldan ilkinji çaga dünýä indi

  • 09.04.2025 16:21
  • 25k+

Beýik Britaniýada ýatgysy (matka) oturdylan aýal ilkinji gezek eje boldy. Bu barada BBC habar berýär.

36 ýaşly Greýs Dewidson işlemeýän ýatgy bilen dünýä indi we 2023-nji ýylda oňa aýal doganynyň organy oturdyldy. Bu ýurtda şeýle görnüşli ilkinji üstünlikli operasiýa boldy.
Indi bolsa Greýsiň fewral aýynda gyzjagazynyň dünýä inendigi belli boldy. Ol we onuň adamsy, 37 ýaşly Angus çagany donoryň hatyrasyna Emi diýip atlandyrdy. Çaganyň agramy iki kilogramdan gowrak boldy.
Greýs Emini elinde saklamagyň “täsindigini” we birneme “hyýalydygyny” aýdýar.

“Bu diýseň haýran galdyryjy boldy, sebäbi biz munuň nähili boljakdygyny – onuň haçan peýda boljakdygyny asla göz öňüne-de getirip bilmedik. Bu, hakykatdanam, ajaýyp” – diýip, ol belledi.

Greýs adamsy bilen Londonyň demirgazygynda ýaşaýar. Onuň asly Şotlandiýadan we indi ol maşgalasyna ýene bir çaganyň goşulmagyny arzuw edýär. Ilkibaşda är-aýal özüni tanyşdyrmak islemedi, ýöne Emi sag-aman doglandan soň, olar bu wakany Bi-bi-si bilen paýlaşmaga razy boldy.
Hirurglar ýogalan donorlardan ýene üç ýatgy transplantasiýasyny geçirendigini habar berdi. Umuman, olar kliniki synaglaryň dowamynda şeýle operasiýalardan azyndan 15 sanysyny geçirmegi meýilleşdirýär. 


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......