Robert De Niro Kann kinofestiwalynda hormatly «Altyn palma şahasyny» alar

  • 09.04.2025 16:05
  • 2k+

Amerikaly aktýor Robert De Niro 78-nji Kann kinofestiwalynyň açylyş dabarasynda hormatly «Altyn palma şahasy» bilen sylaglanar. Ol dünýä kinematografiýasyna goşan goşantlary üçin sylaglanar.

«Ýedinji sungatyň özeni bolan ýüzleri, şeýle hem sinefiliýanyň taryhyna baky giren sözleri bar. Ýumşak ýylgyryşynda ýa-da sowuk bakyşynda ýüze çykýan çuňňur içki stili bilen Robert De Niro kinematografiýanyň rowaýatyna öwrüldi» — diýip, kinofestiwalyň resmi web sahypasynda aýdylýar.

Aktýor 2011-nji ýylda Kann kinofestiwalynyň eminler toparyna ýolbaşçylyk edipdi.

«Mende Kann festiwalyna bolan örän mähirli duýgular bar... Häzirki wagtda bizi biri-birimizden daşlaşdyrýan zatlar köp, emma Kann bizi – hekaýaçylary, kinoçylary, tomaşaçylary we dostlary – birleşdirýär. Bu öýe dolanyp gelmek ýaly» — diýip, De Niro hormatly baýrak baradaky habary teswirledi.

De Niro 100-den gowrak filmde keşp ýerine ýetirdi we 30-dan gowrak filme prodýuserlik etdi. Ol iki gezek «Oskar» we «Altyn globus» baýraklaryna mynasyp boldy, sekiz gezek BAFTA baýragyna dalaşgär görkezildi we başga-da köp sanly sylaglara eýe boldy. De Niro esasan-da režissýor Martin Skorseze bilen köp ýyllap hyzmatdaşlyk etmegi bilen tanalýar – ol Skorsezäniň 10 filminde oýnady.


şu gün 08:26
3k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....