Hytaýda HDMI we DisplayPort-yň ornuny tutup biljek täze GPMI standarty hödürlendi

  • 09.04.2025 14:06
  • 2.9k+

Hytaýyň Shenzhen 8K UHD Video Industry Cooperation Alliance (SUCA) birleşigi media maglumatlaryny sim arkaly geçirmek üçin GPMI (General Purpose Media Interface) atly täze standarty hödürledi. Bu standart 8K wideonyň geçirilişini goldamak hem-de maglumatlary we elektrik toguny geçirmek üçin zerur bolan kabelleriň sanyny azaltmak maksady bilen işlenip düzüldi diýip, «Tom's Hardware» habar berýär.

GPMI kabeli iki görnüşde bolar: Type-B (özüne mahsus interfeýsli) we Type-C (USB-C bilen gabat gelýär). 8K wideo 4K-dan 4 esse, 1080p-den bolsa 16 esse ýokary çözgütli bolandygy sebäpli, bu format üçin ýokary geçirijilik zerur bolup durýar.
GPMI Type-C 96 Gbit/sek-a çenli maglumat we 240 Wt çenli tok geçirip bilýär. Bu görkeziji USB4 we Thunderbolt 4-den ep-esli ýokarydyr. Type-B görnüşi bolsa has güýçli – 192 Gbit/sek-a çenli maglumat we 480 Wt çenli elektrik toguny geçirip bilýär..
GPMI HDMI-CEC dolandyryş ulgamy bilen hem utgaşykly, ýagny GPMI-yň üsti bilen baglanan we HDMI-CEC-ni goldaýan ähli enjamlary diňe bir pult bilen dolandyryp bolýar.
Häzirki wagtda monitorlar USB-C we Thunderbolt ulanýar, telewizorlar bolsa HDMI-dan peýdalanýar. GPMI bu ýagdaýy üýtgedip, geljekde telewizorlarda giňden ulanylyp bilner.
SUCA birleşigi 2020-nji ýylyň dekabrynda HiSilicon, Skyworth, KONKA, Tencent we ZTE ýaly kompaniýalar tarapyndan döredildi. Onuň maksady – 8K tehnologiýalaryny kämilleşdirmek.

 


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......