Türkiýäniň YTB edarasynyň başlygy Abdullah Eren Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi

  • 09.04.2025 13:22
  • 3.7k+

8-nji aprelde Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada saparynyň çäklerinde birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde duşuşyklary geçirdi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary myhmana uniwersitetiň taryhy, gurluşy, amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygy, alyp barýan ylmy işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Öz gezegine Abdullah Eren Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny nygtady we bu babatda diplomatik ýollaryň üsti bilen degişli işleriň amala aşyryljakdygy barada belledi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmenistanyň Daşary ișler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen duşuşykda wekiliýet türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň alyp barýan iși bilen içgin tanyşdy.
Soňra wekiliýet institutda hereket edýän Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, Hindi burçy, “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby, şeýle-de institutyň okuw studiýasyna aýlandylar.


düýn 18:12
4.3k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 16:37
4.2k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......

düýn 16:35
5.3k+

Türkmenistanyň Prezidentine ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça......

düýn 07:55
2.4k+

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......