Wise-premýer H.Geldimyradow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 71-nji mejlisiniň çäginde duşuşyklary geçirdi

  • 09.04.2025 11:39
  • 1.9k+

8-nji aprelde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) 71-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Durnukly ösüş, söwda, daşky gurşaw, ulag we energetika ugurlaryndaky özara gatnaşyklary öz içine almak bilen Türkmenistan bilen UNECE-iň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň çäginde H.Geldimyradow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yglan edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin T.Molçana ýollanan resmi çakylyk hatyny gowşurdy.
T.Molçan çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we ýakyn günlerde geçiriljek ýubileý çärelere gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady hem-de halkara gatnaşyklarynyň we durnukly parahatçylygyň esasy ýörelgesi hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýetini belledi.

Şol gün türkmen wekiliýeti BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) Baş sekretary Rebeka Grinspan bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda durnukly ykdysady ösüş, söwda mümkinçiliklerini, sanly üýtgeşmeleri, maýa goýumlary giňeltmek, şeýle hem Türkmenistan bilen UNCTAD-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly meselelere garaldy.
Duşuşykda H.Geldimyradow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara forumyna gatnaşmak üçin Rebeka Grinspana ýollanan resmi çakylyk hatyny gowşurdy.
UNCTAD-yň ýolbaşçysy çakylyk haty üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Bitaraplyk we durnukly halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerini ilerletmekde Türkmenistanyň aýratyn orna eýedigini belledi.


düýn 18:04
3.1k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
961

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:42
2k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......