Türkmenistanyň bilim ministri Türkiýäniň YTB edarasynyň başlygy bilen duşuşdy

  • 09.04.2025 11:21
  • 2.1k+

8-nji aprelde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň (YTB) başlygy Abdullah Ereniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda türk tarapy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen birnäçe teklipleri beýan etdi. Olaryň hatarynda:

  • türkmen ýaşlaryny Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde lukmançylyk we inženerçilik ýaly ugurlarda talyp hakly okatmak;
  • orta hünär-tehniki bilim boýunça mümkinçilikleri döretmek;
  • döwlet işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak;
  • tomusky okuwlara türkmen ýaşlaryny çagyrmak hem-de ikitaraplaýyn akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmek ýaly ugurlar bar.

Ministr J.Gurbangeldiýew Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň “Türkiye Burslari” (Türkiýäniň talyp haklary) maksatnamasynyň çäklerinde türkmen talyplarynyň Türkiýede bilim almagyna döredilýän mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen ýaşlaryna talyp haklary berlende, ilkinji nobatda, maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş, oba hojalygy, pedagogika we tebigy ylymlar ýaly ugurlaryň ileri tutulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Şeýle hem türkmen tarapy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly taglymaty türki dilli döwletleriň ýaşlarynyň arasynda giňden ýaýbaňlandyrmak boýunça Türkiýe Respublikasynyň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasy (YTB) bilen bilelikde çäreleriň geçirilip bilinjekdigine aýratyn üns çekdi.
Duşuşygyň ahyrynda ministr hormatly myhmany 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara ylmy maslahatyna we sergä hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.


düýn 18:12
4.3k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 16:37
4.2k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......

düýn 16:35
5.3k+

Türkmenistanyň Prezidentine ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça......

düýn 07:55
2.4k+

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......