Robotlar uçarlary topar bolup ýygnap başlar: ABŞ-da üýtgeşik tehnologiýa patentlendi

  • 09.04.2025 10:47
  • 5.5k+

Amerikan kompaniýasy H2 Clipper uçarlary we beýleki aerokosmos tehnikasyny ýygnamaga ukyply bolan robotlar toparynyň tehnologiýasyna patent aldy. Bu barada The Robot Report neşiri habar berýär.

“Adaty gurnama hatarlarynyň deregine biz robotlar toparyny ulanýarys. Bu uçýan enjamlary we uly aerokosmos gurluşlaryny has çalt, az çykdajy we has ýokary takyklyk bilen ýygnamaga mümkinçilik berýän öňegidişlik” – diýip, kompaniýanyň esaslandyryjysy Rinaldo Brutoko aýtdy.

Onuň sözlerine görä, täze çemeleşme hili ýokarlandyrmak bilen birlikde umumy çykdajylary 40%-den gowrak, önümçilik möhletini bolsa 60% azaldyp biler.
Robotlar awtonom işläp, biri-biri bilen özara hereket eder. Olar karkasy ýygnamakdan başlap, içerki komponentleri gurnamaga çenli işleri ýerine ýetirýär. Ulgam emeli aňyň kömegi bilen dolandyrylýar. Howpsuzlyga içerki datçikler jogap berýär. Uly bölekler bilen işlemek üçin agyr robotlar ulanylýar.
Tehnologiýa yklymara gatnawlar üçin Pipeline-in-the-Sky wodorod dirižabllaryny döretmek boýunça taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlandy. Bu enjamlar gazylyp alynýan ýangyjy ulanmaýar we täjirçilik hem ynsanperwer maksatlar üçin ulanylyp bilner.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......