Russiýada ýene 3-5 ýyldan mör-möjekden alnan belokly batonlar we ýogurtlar öndüriler

  • 09.04.2025 09:59
  • 4.3k+

Geljek 3-5 ýylyň içinde Russiýanyň dükanlarynyň tekjelerinde mör-möjeklerden alnan belokly batonjyklar, ýogurtlar, hatda çörek hem peýda bolar. Bu barada Sankt-Peterburgyň Dolandyryş we azyk tehnologiýalary institutynyň rektory Olga Ponomarýowa belleýär diýip, TASS habar berýär.

Hünärmeniň sözlerine görä, munuň üçin medeni päsgelçilikleri ýeňip geçmek we gaýtadan işlemegiň howpsuz usullaryny işläp taýýarlamak gerek.

"Häzirki wagtda dünýä ýurtlary azyk önümçiligi üçin adaty bolmadyk belok çeşmelerini gözleýärler, şol sanda iýmit taýýarlamakda mör-möjekleri ýa-da mör-möjek önümlerini ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler. Köpçülik üçin önüm öndürilende, şol sanda çörek önümleri taýýarlananda mör-möjekleriň ulanylmagy biziň ýurdumyzda entek başlangyç tapgyrda. Geljek üç-bäş ýylyň dowamynda Russiýada düzüminde entomoprotein – mör-möjeklerden alnan beloklary saklaýan batonjyklar, snekler, ýogurtlar hem-de çörek we çörek önümleri peýda bolup biler " – diýip, Ponomarýowa gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, belok sarp edijilere bilniksiz goşundylar görnüşinde gaýtadan işlener.
Bilermen mör-möjek ununy üwelen et, kokteýl ýa-da şokolad üçin ulanyp boljakdygyny düşündirdi. Alymlar bu belogyň gymmatynyň ýumurtga, sygyr eti we balyk bilen deňeşdirilýändigini tassyklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, onuň önümçiligine adaty maldarçylykdan has az serişde gidýär.
Ponomarýowa belogyň beden üçin esasy gurluşyk materialydygyny aýtdy.
Şeýle-de bolsa, Russiýada degişli kanunlaryň ýoklugy sebäpli, pudagy ösdürmekden henizem saklanylýar. Mör-möjekler hasaba alynmagyny we howpsuzlygynyň barlanylmagyny talap edýän täze iýmit önümi hasaplanýar.
Hünärmen dünýäde 2 milliard adamyň eýýäm öz  iýmitinde mör-möjekleri ulanyp ýörendigine ünsi çekýär. Bu Aziýanyň, Afrikanyň we Günorta Amerikanyň köp ýurtlarynda medeniýetiň bir bölegi. Käbir Günbatar ýurtlarynda hem olaryň ulanylmagyna rugsat berilýär.
Tehnologiýasy işlenip taýýarlansa we tagamy gowulaşdyrylsa, bu belok iýmite girizilip bilner diýip, Ponomarýowa sözüni jemledi.


19.11.2025 13:14
3.3k+

Russiýaly alymlar 60-dan gowrak näbelli wirusy ýüze çykardylar

Rospotrebnadzoryň "Wektor" atly ylmy merkeziniň alymlary Russiýada ozal öwrenilmedik 60-dan gowrak wirusy anykladylar. Bu barada RIA "Nowosti" habar berdi. Gözleg üçin nusgalar ýurduň 50 sebitinden gelip gowşupdyr...

16.11.2025 15:42
1k+

Ösümlik ýaglarynyň öndürijiligini we hilini ýokarlandyrýan täze tehnologiýa döredildi

Russiýada WDITU-nyň (Woronež Döwlet Inženerçilik Tehnologiýalar uniwersiteti) alymlary ösümlik ýaglaryny öndürmegiň täze tehnologiýasyny döredip, oňa patent aldylar. Bu barada TASS agentligi uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi...

15.11.2025 00:14
8.6k+

Russiýanyň ilkinji gumanoid roboty tanyşdyryldy: birnäçe ädimden soň ol ýykyldy

Moskwada Russiýanyň emeli aňly (EA) ilkinji adam şekilli (gumanoid) robotynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada TASS agentligi Milli Tehnologiýa Koalisiýasyna salgylanyp habar berdi. "Moskwa" agentliginiň maglumatyna görä, "Aýdol" (Aidol) atly robot deňagramlylygyny saklap bilmän, eýýäm tanyşdyrylyşyň başynda ýykyldy...

11.11.2025 14:14
3.3k+

Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy russiýaly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

6-7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşdy...