"Ylymlaryň Oskary": 3 mln dollar möçberinde Breakthrough Prize baýragy GLP-1 gormonyny tapan alymlara berildi

  • 08.04.2025 22:30
  • 3.6k+

Süýji keseline we semizlige garşy ýörgünli dermanlar üçin esas bolan - GLP-1 gormonyny tapandyklary we öwrenendikleri üçin alymlar toparyna 3 million dollar möçberinde abraýly Breakthrough Prize ylmy baýragy berildi. Bu baýragy köplenç "Ylymlar dünýäsiniň Oskary" diýip hem atlandyrýarlar.

GLP-1 iýmit kabul edilenden soň içegelerde öndürilýär, insuliniň işlenip çykarylmagyny kadalaşdyrýar, iýmit siňdirişi haýalladýar we beýnä doklugyň signalyny ýollaýar. Ozempic we Wegovy dermanlarynyň esasynda şu häsiýetler ýatýar.
Baýragy Ýens Holst, Deniel Druker, Joel Habener, Lotte Knudsen we Swetiana Moýsow dagy aldy. 1980-nji ýyllarda hut şu alymlar gormonyň işdäni kemeldýän we gandaky şekeriň derejesini kadalaşdyrýan mehanizmlerini öwrenip başladylar.

"Duýdansyz şunuň ýaly habar alsaň, diýseň ýakymly we tolgundyryjy" - diýip, Kopengagen uniwersitetiniň professory Holst bu täzelige teswir berdi.

Ozempic we Wegovy horlanmagyň serişdeleri hökmünde meşhurlyk gazandylar. Häzirki wagtda bular garaşlylygy, demensiýany we ýürek kesellerini bejermekde ulanmak üçin hem öwrenilýär.
Dermanlaryň zyýanly täsirleri hem ýok däl. 2025-nji ýylda geçirilen uly barlag olaryň onlarça keseller bilen kesellemekligiň töwekgelçiligini azaldyp, emma beýlekileriň döremeginiň ähtimallygyny ýokarlandyryp biljekdigini görkezdi.
Alymlar häzirki wagtda bejergä täzeçe çemeleşmegiň üstünde işleýärler – olar GLP-1-i bedeniň özüne bölüp çykartmak isleýärler.

"Semizlik birgiden howply gaýra üzülmeler bilen baglanyşykly. Esasy zat, bu birleşmeler arkaly olaryň öňüni saglyga zyýan ýetmänkä alyp bileris" – diýip, Holst belleýär.


düýn 06:42
4.7k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.3k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
5k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......