Wenanyň amaly sungat uniwersiteti dünýäde ilkinji bolup emeli aňy talyp hökmünde okuwa kabul etdi

  • 08.04.2025 16:30
  • 2.8k+

Wenanyň amaly sungat uniwersiteti dünýäde ilkinji bolup emeli aňy resmi ýagdaýda talyp hökmünde hasaba alan bilim edarasy boldy. Flynn atly emeli aň sanly sungat maksatnamasy boýunça okuwa kabul edildi. Ol beýleki talyplar bilen deň derejede sapaklara gatnaşar, pikir alşar hem-de baha alar. Taslamanyň maksady – adam bilen emeli aňyň sungat ulgamyndaky bilelikdäki işini öwrenmek. Bu barada «Euronews» neşiri habar berýär.

Flynn adaty okuwa kabul ediliş düzgünlerinden geçdi: portfoliosyny tabşyrdy we söhbetdeşlige gatnaşdy. Şol söhbetdeşlikde ol sanly sungatyň çäklerini giňeltmäge we tankytlar boýunça pikirlenmäge bolan gyzyklanmasyny beýan etdi. Flynn-i okuwa kabul etmek mümkin, sebäbi düzgünnamada talyp hökmany suratda adam bolmalydyr diýen ýer ýok diýip, uniwersitetiň beýanatynda aýdylýar.
Flynn täze semestr başlanda, ýagny güýzde doly hukukly talyp bolar. Emma ol eýýäm mart aýyndan käbir sapaklara gatnaşyp başlady – muňa onuň okuwa ir uýgunlaşmagy we kursdaşlary bilen aragatnaşygy ýola goýmagy üçin rugsat berildi.
Flynn «Claude Sonnet» we «Stable Diffusion» atly açyk çeşmeli uly dil modelleriniň esasynda döredildi. Bu onuň IT ulgamynda tejribesi bolmadyk talyplar we mugallymlar bilen hem aňsat aragatnaşyk saklamagyny üpjün edýär. Flynn eýýämden gündelik ýazyp başlady we şol ýazgylarynda özüni «hakyky däl» diýip atlandyrýanlara gynanýandygyny beýan etdi.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

04.06.2026 01:26
17k+

Awstriýada goýunlar üçin «sowut» ýasaldy: möjekden goranmagyň adatdan daşary usuly

Awstriýanyň Karintiýa sebitiniň ýaşaýjysy goýunlar üçin daşy tikenli gorag lybasyny oýlap tapdy. Bu lybas böriler hüjüm edende malyň heläk bolmak howpuny azaltmalydyr. Emma bu oýlap tapyş haýwanlary......