Redmi 27 dollardan "Buds 7S" nauşniklerini hödürledi

  • 08.04.2025 15:34
  • 2.7k+

Redmi brendi Buds 7S atly täze TWS nauşniklerini hödürledi. Bu aksessuaryň esasy aýratynlygy – işjeň galmagalyň sesini basmak (ANC) ýaly köp sanly funksiýalaryň arzan bahadan hödürlenmegidir. Bu barada «Gizmochina» habar berýär.

Redmi Buds 7S nauşnikleri iki sany draýwer bilen enjamlaşdyrylandyr: biri 12,4 mm-lik titan bilen örtülen esasy, beýlekisi bolsa 5,5 mm-lik kömekçi. Nauşnikler mobil goşundynyň üsti bilen bäş sany taýýar ekwalaýzer sazlamasyny we SoundID aýratynlygyny goldaýar. Bu aýratynlyk gysgajyk synag arkaly ulanyjynyň ses isleglerini seljerýär we sesiň çykarylyşyny şoňa laýyklykda sazlaýar.
Şeýle hem naşunik Xiaomi tarapyndan işlenip düzülen HRTF algoritmine esaslanýan giňişlikdäki ses (spatial audio) tehnologiýasyny hem goldaýar. Öndürijiniň aýtmagyna görä, bu tehnologiýa ulanyjyny kino, oýun ýa-da saz dünýäsi bilen çuňňur baglanyşdyrýar. Täze modelde üç tertipde işlemäge ukyply ANC funksiýasy hem bar: uýgunlaşýan, deňagramly we çuň. Jaň wagtynda-da bu ulgam işjeň bolýar: ol 9 m/sek çenli öwüsýän şemalyň sesini hem «kesip bilýär».


Täze modeliň aýratynlyklarynyň arasynda, iki enjam bilen bir wagtda birikmek ukyby we 6,5 sagada çenli (zarýad gutusy bilen 32 sagada çenli) işleýän batareýasy bar. Brendiň maglumatlaryna görä, 10 minutlyk zarýad bilen nauşnikleri 2 sagat ulanyp bolar.
Redmi Buds 7S eýýäm Hytaýda öňünden sargyt üçin elýeterli, bahasy 27 dollar. Beýleki ýurtlarda satuwa çykyp-çykmajakdygy barada entek maglumat ýok.


18.01.2026 10:31
5.9k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

19.12.2025 15:11
5.4k+

Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar

Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar...

17.12.2025 11:06
4k+

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...