Ulanyjylaryň wagtyny iň köp sarp edýän saýtlarynyň reýtingi çap edildi

  • 08.04.2025 14:24
  • 3.5k+

Similarweb hyzmaty ulanyjylaryň dürli web sahypalarda ortaça näçe wagtyny sarp edýändigi baradaky maglumatlary çap etdi. Reýting 2025-nji ýylyň fewral aýynda YouTube-yň bu görkeziji boýunça öňdebaryjy bolandygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde iň köp girilýän çeşme Google gözleg programmasy bolmagynda galýar.

Similarweb-iň berýän maglumatlaryna görä, YouTube-da bolmagyň ortaça dowamlylygy 20 minut 47 sekunt. Wideo platformasy sanawda uly aratapawut bilen öňde barýar. Deňeşdirmek üçin, ikinji ýerde durýan X sosial ulgamynda bu görkeziji 12 minut 37 sekunt bolup durýar.
Reýtinge sosial ulgamlardan başlap, gözleg programmalaryna çenli dürli temaly saýtlar girdi. Aşakda iň meşhur 15 çeşme görkezilýär:

Saýt

Kategoriýa

Wagty

min/sek

Girende sahypasy

Ret etmek

1

google.com

Gözleg ulgamy

16:46

8.69

27.83

2

youtube.com

Wideo we akym

20:47

13.55

20.57

3

facebook.com

Sosial ulgamlar

10:59

13.42

29.59

4

instagram.com

Sosial ulgamlar

08:41

13.33

32.9

5

x.com

Sosial ulgamlar

12:37

12.90

30.44

6

whatsapp.com

Sosial ulgamlar

12:26

3.83

55.76

7

chatgpt.com

AI we işläp düzüjiler üçin soft

06:47

3.81

30.94

8

wikipedia.org

Sözlükler we ensiklopediýalar

03:18

3.25

53.42

9

reddit.com

Sosial ulgamlar

06:07

4.86

42.66

10

yahoo.com

Habarlar neşirleri

07:43

5.51

35.66

11

yahoo.co.jp

Habarlar neşirleri

08:54

7.34

32.31

12

yandex.ru

Gözleg ulgamlary

08:48

8.57

26.95

13

amazon.com

Elektron täjirçilik

05:51

8.94

33.37

14

tiktok.com

Sosial ulgamlar

04:09

7.07

42.38

15

baidu.com

Gözleg ulgamlary

05:35

8.55

22.93

Ret etmegiň görkezijisi (iňl. bounce rate) ulanyjynyň diňe bir sahypany görüp, soňra hiç hili amaly ýerine ýetirmän (meselem, salgylanma basman, aşaky sahypalara geçmän we ş.m.) sahypadan çykan gezekleriniň göterimini görkezýär.
Başga sözler bilen aýdylanda:

  • Eger bounce rate ýokary bolsa, ulanyjynyň gyzykly mazmun tapmandygyny ýa-da zerur maglumatlary çalt alandygyny we çykyp gidendigini aňladyp biler.
  • Eger bounce rate pes bolsa, bu gatnaşygyň gowudygyny görkezýär - ulanyjy sahypa bilen aragatnaşyk saklaýar, sahypalary agdarýar, onda has köpräk eglenýär.

Mysal üçin, iň gowy 15-likde YouTube-yň ret etmek görkezijisi iň pesi - 20.57%.  Bu ulanyjylaryň köpüsiniň her sapar girende birden köp wideo tomaşa edýändigini aňladýar. Şol bir wagtyň özünde WhatsApp Web-iň görkezijisi iň ýokary - 55,76% boldy. Sebäbi ulanyjylar oňa, köplenç, diňe bir habara çalt jogap bermek ýa-da okamak üçin girýärler.


13.05.2026 20:01
3.9k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......

09.05.2026 00:32
10k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
935

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....